Oýun sanawy


Wladimir Putin: Russiýa Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürer
26 Mart. 04:39Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa halkara Nowruz baýramy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady. «Watan» habarlar gepleşiginiň berýän maglumatyna görä, bu gutlag haty iki ýurduň arasyndaky ýokary derejeli diplomatik gatnaşyklaryň we özara hormat goýmagyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Gutlag hatynda Russiýanyň döwlet baştutany iki ýurduň arasyndaky çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlygyň ähmiýetini aýratyn nygtady. W. Putin Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň halklaryň bähbidine, şeýle hem Merkezi Aziýada we Hazar deňzi sebitinde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy berkidilmeginiň hatyrasyna mundan beýläk-de ähli ugurlarda üstünlikli ösdüriljekdigine uly ynam bildirdi.
Prezident Wladimir Putin öz hatynda döwletara gatnaşyklaryň diňe bir ykdysady we syýasy däl, eýsem medeni-ynsanperwer esaslarynyň hem berkdigini belledi. Ol Türkmenistanyň Prezidentine berk jan saglyk, döwlet işlerinde uly üstünlikleri, ähli türkmen halkyna bolsa bagtyýarlyk, parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi. Nowruz baýramynyň täzeleniş we agzybirlik ruhy bu gutlagda özüniň aýdyň beýanyny tapdy.
Häzirki wagtda Russiýa we Türkmenistan energetika, ulag, söwda we bilim ýaly strategik pudaklarda hyzmatdaşlygy işjeň dowam etdirýärler. Iki ýurduň Liderleriniň arasyndaky yzygiderli gepleşikler we özara ynama esaslanýan gatnaşyklar sebitara hyzmatdaşlygyň täze belentliklere çykmagyna şert döredýär. Bu gutlag haty hem taraplaryň uzak möhletleýin we durnukly hyzmatdaşlyga ygrarlydyklaryny ýene bir gezek tassyklady.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň ylmy wekiliýeti Baku şäherinde geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar
10 Sen. 10:48Türkmen wekiliýeti Birinji türkologiýa sýezdiniň 100 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp Azerbaýjanda geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar. Bu abraýly bilim forumy 9-njy sentýabrda öz işine başlady diýip «AZERTAJ» agentligi habar berýär.
Bu çäre Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasy we Folklor instituty tarapyndan guramaçylykly geçirilib, oňa TİKA hem-de TÜRKSOÝ ýaly halkara guramalar goldaw berýär. Maslahata Türkmenistan bilen bir hatarda Türkiýeden, Gazagystandan, Ýaponiýadan, Germaniýadan we beýleki onlarça ýurtdan wekiller gatnaşýarlar.
Halkara çäräniň gidişinde Ýewraziýa sebitiniň taryhy we medeni ösüşinde möhüm orun eýeleýän Altaý halklarynyň siwilizasiýa mirasy, taryhy hem-de medeniýeti barada giňişleýin pikir alşylýar.
Dört güne niýetlenen bu simpoziumyň çäklerinde dünýäniň 15 ýurdundan gelen alymlaryň we hünärmenleriň 121 sany ylmy hasabaty diňleniler.