Oýun sanawy

PSŽ ilkinji gezek UEFA-nyň Superkubogyny gazandy — «Tottenhemi» 11 metrlik urgularda ýeňdi

15 Awgust. 05:37

Çeşme

Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» topary UEFA-nyň Superkubogyny ilkinji gezek gazanmagy başardy. Final duşuşygy Italiýanyň Udine şäherinde geçirildi we esasy wagty 2:2 hasaby bilen tamamlandy.

PSŽ-niň düzüminde Lee Kang-in (85-nji minut) we Gonçalo Ramos (90+4) tapawutlandy. «Tottenhem» topary üçin bolsa Micky van de Ven (39) we Cristian Romero (48) gol geçirdiler.

11 metrlik urgularyň seriýasynda fransuzlar 4:3 hasaby bilen ýeňiş gazandy.
Bu PSŽ-niň taryhynda ilkinji UEFA Superkubogy boldy. Geçen möwsümde topar Çempionlar ligasynda hem ilkinji gezek ýeňiji boldy, «Tottenhem» bolsa 2024/25 möwsüminde Ýewropa ligasynyň ýeňijisi boldy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysy Hytaýda geçiriljek Dünýä çempionatyna gatnaşar

26 Okt. 08:09

Çeşme

Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndy topary 2026-njy ýylyň 27-nji oktýabry — 8-nji noýabry aralygynda Hytaýyň Ninbo şäherinde geçiriljek 91-nji Dünýä çempionatynda ýurdumyza wekilçilik eder. Halkara bäsleşikde Türkmenistanyň toparyny 10 sany türgen gorar. Zenanlaryň arasynda Ogulşat Amanowa, Şabnam Kerimbaýewa, Medine Amanowa, Gülälek Kakamyradowa we Anamjan Rustamowa çykyş ederler. Erkekleriň bäsleşiginde bolsa Didarbek Jumabaýew, Bektimur Reýimow, Gaýgysyz Töräýew, Rüstem Annaberdiýew hem-de Şahzadbek Mätýakubow dagylar platforma çykarlar.

Ninbodaky bu Dünýä birinjiligi Halkara agyr atletika federasiýasy (IWF) tarapyndan agram derejeleriniň täze ulgamy kabul edilenden soňky ilkinji iri ýaryş bolup durýar. IWF-niň reformalaryna laýyklykda, öňki 20 agram derejesiniň deregine indi medallar toplumy 16 ugur boýunça — erkekleriň we zenanlaryň hersinde 8 agram derejesinde oýnalar. Şeýle hem Hytaýda geçiriljek bu abraýly bäsleşik 2028-nji ýylda Los-Anjelesde (ABŞ) guraljak tomusky Olimpiýa oýunlaryna saýlama ýaryş hökmünde uly strategik ähmiýete eýedir.

Bellenilmeli zat, Hytaý öz taryhynda eýýäm ikinji gezek agyr atletika boýunça Dünýä çempionatyny kabul edýär; bu ýurtda ilkinji dünýä birinjiligi 1995-nji ýylda geçirilipdi. Türkmen türgenleriniň täze agram derejelerinde görkezjek netijeleri milli sportumyzyň halkara meýdançasyndaky ornuny pugtalandyrmaga we Olimpiýa lisenziýalaryny gazanmaga uly mümkinçilik döreder.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌