Oýun sanawy

Hormatly prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 44 ýaş toýuny belleýär!

22 Sen. 13:34

Şu gün, sentýabr aýynyň 22-sine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 44 ýaş toýuny belleýär. Häzirki wagtda ol BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Nýu-Ýork şäherinde bolýar.

Bu gün ir bilen dünýä döwletleriniň ýolbaşçylary tarapyndan Prezident Serdar Berdimuhamedowa gutlag hatlary iberildi. Olaryň arasynda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Hytaýyň Başlygy Si Szinpin, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Erdogan, Azerbaýjan, Ermenistan, Belarus we beýleki ýurtlaryň ýolbaşçylary bar.

Şeýle hem döwlet Baştutanyna gutlaglar Milli Lider Gurbanguly Berdimuhamedowdan, Ministrler Kabinetiniň agzalaryndan, Mejlis ýolbaşçysyndan, güýç gurluşlarynyň ýolbaşçylaryndan, welaýatlaryň hem-de Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlerinden, jemgyýetçilik guramalarynyň we syýasy partiýalaryň wekillerinden gelip gowuşdy.

beyan.tm redaksiýasy hem Prezident Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa berk saglyk, gujur-gaýrat we döwlet işlerinde üstünlikleriň dowamly bolmagyny arzuw edýär.

















Öte gyzgyn çaý we kofe içmek gyzylödek düwnüginiň ýüze çykmak töwekgelçiligini ýokarlandyrýar

Bugün 09:10

Çeşme

Oksford uniwersitetiniň alymlarynyň 14 ýylyň dowamynda 1 milliona golaý adamyň maglumatlaryny seljerip geçiren barlaglaryna görä, örän gyzgyn çaýy we kofäni yzygiderli içmek gyzylödek düwnüginiň döremek töwekgelçiligini üç esse ýokarlandyryp biler. Düwnük keselini öwrenmek boýunça halkara agentligi tarapyndan 65℃ we ondan hem ýokary bolan içgiler örän gyzgyn diýlip klassifikasiýa edilýär. Günde alty we ondan köp çüýşeli şeýle içgileri kabul etmek gyzylödegiň tekiz öýjükli karsinomasynyň ýüze çykmak ähtimallygyny ep-esli artdyrýar.

Barlagyň awtorlarynyň biri, iýmit epidemiologiýasy boýunça hünärmen Keren Papýe adamlaryň köplenç içgileri 50–60°C temperaturada içýändigini we içgini içmek oňaýsyzlyk döredýän bolsa, onuň biraz sowamagyna garaşmalydygyny maslahat berýär. Şeýle hem ol gyzgyn içgilerden başga-da çilim çekmegiň, alkogol kabul etmegiň we semizligiň gyzylödek düwnüginiň esasy töwekgelçilik faktorlary bolmagynda galýandygyny ýatlatdy.