Oýun sanawy


Türkmenistanyň Prezidenti Amangozel Şagulyýewany 85 ýaş toýy bilen gutlady
12 Awgust. 06:00Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gahrymany, halk ýazyjysy Amangozel Şagulyýewanyň 85 ýaş toýy mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.
Döwlet Baştutany gutlagynda şahyranyň milli edebiýatyň we medeniýetiň ösmegine goşan uly goşandyny aýratyn belledi. Prezident onuň döredijiliginde Watanmyzyň üstünlikleriniň we häzirki döwrüň taryhy wakalarynyň wasp edilýändigini nygtady.
Serdar Berdimuhamedow Amangozel Şagulyýewanyň eserleriniň ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde we jemgyýetde agzybirlik, ynsanperwerlik hem-de belent ahlak gymmatlyklarynyň berkidilmeginde ähmiýetiniň uludygyny aýtdy. Şeýle hem ol ýaş ýazyjylar bilen edýän halypaçylyk işiniň gadymy däplere esaslanýandygyny belläp geçdi.
Hatda Şagulyýewanyň dünýäde türkmen edebiýatyny wagyz etmek boýunça alyp barýan halkara derejesindäki işine hem uly baha berildi. Ol onlarça ýurtda geçirilen edebi çärelerde çykyş edip, türkmen poeziýasyny daşary ýurtly okyjylara tanatmakda we dünýäniň görnükli ýazyjylarynyň eserlerini türkmen diline terjime etmekde möhüm goşant goşdy.
Amangozel Şagulyýewa «Türkmenistanyň Gahrymany», «Türkmenistanyň halk ýazyjysy», Magtymguly adyndaky halkara baýrak we birnäçe döwlet sylaglaryna mynasyp bolupdy.
Şeýle hem okanyň


Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy
26 Okt. 07:21Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.
Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.