Oýun sanawy


Wengriýadaky parlament saýlawlarynda syýasy üýtgeşme hasaba alyndy
13 Aprel. 11:31Wengriýada 12-nji aprelde geçirilen parlament saýlawlarynyň netijesinde ýurduň syýasy durmuşynda düýpli öwrülişik boldy. Köp ýyllaryň dowamynda häkimiýetde bolan «FIDES – Wenger raýat bileleşigi» partiýasynyň ýolbaşçysy Wiktor Orban öz ugrunyň ýeňlendigini resmi taýdan boýun aldy. Ol Budapeştde geçirilen syýasy ýygnanyşykda çykyş edip, saýlawlaryň demokratik şertlerde geçendigini tassyklady we garşydaş tarapyň artykmaçlygyny ykrar etdi.
Saýlaw uçastoklaryndan gelip gowşan sesleriň 72,44 göterimi seljerilenden soňra, netijeleriň Peter Madýaryň peýdasyna tamamlanandygy belli boldy. Onuň ýolbaşçylyk edýän «Tisa» partiýasy parlamentde 138 orny eýeläp, ynamly ýeňiş gazandy. Şol bir wagtda, ozalky dolandyryjy partiýa bolan «FIDES» bary-ýogy 54 orun bilen çäklendi. Bu görkezijiler ýurduň kanun çykaryjy organynda güýçler gatnaşygynyň doly üýtgejekdigini aňladýar.
Wiktor Orban saýlawlardan soňky syýasy ykbaly barada durup geçmek bilen, özüniň we Hökümetiniň birnäçe agzalarynyň parlamentiň deputaty hökmünde işlerini dowam etdirjekdiklerini mälim etdi. Şeýlelikde, ozalky hökümet başlygy täze düzülen parlamentde oppozisiýa hatarynda wekilçilik eder. Bu bolsa Wengriýanyň parlament medeniýetinde täze bir tapgyryň başlanýandygyny görkezýär.
Ýurduň täze Hökümetiniň düzülmegi we Premýer-ministriň resmi saýlawy maý aýynyň başyna meýilleşdirilýär. Täze çagyrylyşyň birinji umumy ýygnagynda Peter Madýaryň Hökümet baştutany wezipesine saýlanmagyna garaşylýar. Syýasy bilermenler bu täze ýolbaşçylygyň Wengriýanyň içeri we daşary syýasatynda nähili özgerişlikleri amala aşyrjakdygyna uly gyzyklanma bildirýärler.
Şeýle hem okanyň


«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi
Bugün 09:12«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.
Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.
Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.