Oýun sanawy


Paýtagtymyzda žurnalistler üçin media sowatlylygy boýunça amaly okuw geçirildi
15 Maý. 13:03ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin maglumatlary dogry seljermek, internet gurşawynda nädogry maglumatlardan goranmak we jogapkärli sanly mazmun döretmek endiklerini ösdürmäge gönükdirilen okuw maslahaty guruldy. Iki günüň dowamynda geçirilen bu çärä ýurdumyzyň welaýat neşirleriniň, internet portallarynyň we telewideniýäniň işgärleri gatnaşdylar. Okuw maslahaty milli habar beriş serişdeleriniň işini döwrebaplaşdyrmak we hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda möhüm ädim boldy.
Okuw maksatnamasy Gazagystanyň «MediaNet» halkara žurnalistika merkeziniň bilermeni Adil Jalilowyň gatnaşmagynda, ýerli tälimçiler tarapyndan taýýarlanyldy we durmuşa geçirildi. Bilelikdäki işleriň netijesinde düzülen maksatnama faktçeking, ýagny maglumatlary barlamak metodlaryny, döwrebap medianyň tehnologik gurallaryny we ÝUNESKO-nyň etiki kadalaryny öz içine aldy. Şeýle hem gatnaşyjylara emeli aňyň we neýroulgamlaryň kömegi bilen gyzykly materiallary taýýarlamagyň hem-de sanly howpsuzlygy üpjün etmegiň ýollary görkezildi.
ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça Hereketleriň milli meýilnamasynda göz öňünde tutulan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň erkinligi we ilatyň media sowatlylygyny ýokarlandyrmak baradaky wezipeleriň ýerine ýetirilmegine ulgamlaýyn esasda goldaw berip gelýär. Bu ugurdaky hyzmatdaşlyk ýerli žurnalistleriň halkara tejribeden peýdalanmaklaryna giň mümkinçilikleri döredýär. Şeýle taslamalar media gurşawynda professional çemeleşmeleriň berkemegine ýardam edýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzda dürli diňleýjiler köpçüligine tälim bermäge ukyply bolan 20 sany ýerli hünärmenden ybarat tälimçiler topary döredildi. Geçirilen çäre bu toparyň agzalary tarapyndan guralan nobatdaky okuwlaryň biri boldy. Mundan ozal guralan amaly okuwlara žurnalistler, döwлет gullukçylary, bloggerler we talyplar gatnaşyp, olaryň umumy sany ýüzden gowrak adama ýetdi. Bu bolsa ýurtda media sowatlylygynyň geriminiň barha giňeýändigini subut edýär.
Şeýle hem okanyň


Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy
24 Okt. 13:11Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.
Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.
Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.