Oýun sanawy

Oguljahan Atabaýewa «Arkadag Medisina Klasteri» toplumynyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy

17 Awgust. 09:09

Çeşme

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky kömeke mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Hayyr-sahawat gaznasynyň lukmançylyk işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Arkadag şäherinde gurulýan «Arkadag Medisina Klasteri» toplumynyň gurluşygy bilen tanyşdy. Bu barada «Watan» habarlary gepleşigi habar berdi.

Bu desganyň gurluşygy milli «Saglyk» maksatnamasynyň çäklerinde alnyp barylýar. Saparyň dowamynda wise-prezident halkara sergide — «Kids Expo: Çagalar üçin hemme zat!» — görkeziljek sergi diwarlarynyň dizaýn çözgütleri bilen hem tanyşdy.

Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça Döwlet komitetiniň başlygy Dowran Orazow Oguljahan Atabaýewa gurluşyk işleriniň ýagdaýy we taslamanyň resminamalary boýunça giňişleýin maglumat berdi.

Oguljahan Atabaýewa şäherdäki ähli desgalar ýaly lukmançylyk klasterinde hem dünýäniň öňdebaryjy tejribesiniň we ýokary hil ölçegleriniň ornaşdyrylmalydygyny belledi. Şeýle hem «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň geljekde çykarmagy meýilleşdirýän önümleri barada maglumat berildi.

Wise-prezident önümleriň ýokary hilli bolmagynyň we olaryň çagalaryň sagdyn ösüşi üçin ähmiýetiniň aýratyn möhümdigini nygtady.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy

26 Okt. 07:21

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.

Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌