Oýun sanawy

Oguljahan Atabaýewa Palestina döwletindäki çagalaryň ýagdaýyna ünsi çekmek isleýändigini belledi

08 Awgust. 13:19

Çeşme

BMG-niň üçünji maslahatynyň çäklerinde geçirilen zenan ýolbaşçylarynyň duşuşygynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň parlamentleriniň, halkara we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Onda:

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Palestina döwletindäki çagalaryň ýagdaýy meselesinde dünýä bileleşiginiň has işjeň we netijeli orny eýelemelidigini we BMG-niň Tertipnamasynyň düzgünleriniň Palestinadaky ýagdaýa biparh garap  bilmejekdigini, mümkin boldugyndan kabul ederlikli we gaýragoýulmasyz hereketleri we çözgütleri tapmagyň zerurdygyny belledi.

















Türkmenistanyň Daşary işler ministri GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirdi

10 Sen. 12:42

Çeşme

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Arkalaşykdaky başlyklygynyň ileri tutulýan ugurlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek hem-de GDA-nyň çäklerinde amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdylar.

Duşuşykda 2026-njy ýylyň 7-nji we 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň we Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlislerine taýýarlyk hem-de olaryň guramaçylyk meselelerine aýratyn üns berildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin bilelikdäki amaly işleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.