Oýun sanawy

2026-njy ýylyň «Altyn top» baýragyna dalaşgärler sentýabr aýynda yglan ediler

01 Sen. 14:51

Çeşme

«France Football» žurnalynyň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, 2026-njy ýylyň «Altyn top» baýragyna dalaşgärleriň doly sanawy 8-nji sentýabrda köpçülige hödürleniler. Ýylyň iň gowy futbolçylaryny we tälimçilerini sylaglamak dabarasy bolsa 26-njy oktýabrda Londonda geçiriler. Dalaşgärleriň hatarynda erkekleriň we zenanlaryň arasynda iň gowy oýunçy diýen ada 30 sany futbolçy, şeýle hem iň gowy ýaş zehinler, derwezebanlar, hüjümçiler, tälimçiler we klublar bar.

Bu ýylky abraýly baýraga esasy dalaşgärleriň hatarynda Rodri, Lamin Ýamal, Lionel Messi, Harri Keýn we Kilian Mbappe ýaly belli futbolçylar görkezilýär. Şeýle-de, Olaryň hataryna Usman Dembele, Maýkl Olise, Erling Holand we Jud Bellingem hem goşulýar. Bellenilmeli zatlaryň biri hem, «Altyn top» baýragynyň häzirki eýesi PSŽ-niň hüjümçisi Usman Dembeledir.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysy Hytaýda geçiriljek Dünýä çempionatyna gatnaşar

26 Okt. 08:09

Çeşme

Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndy topary 2026-njy ýylyň 27-nji oktýabry — 8-nji noýabry aralygynda Hytaýyň Ninbo şäherinde geçiriljek 91-nji Dünýä çempionatynda ýurdumyza wekilçilik eder. Halkara bäsleşikde Türkmenistanyň toparyny 10 sany türgen gorar. Zenanlaryň arasynda Ogulşat Amanowa, Şabnam Kerimbaýewa, Medine Amanowa, Gülälek Kakamyradowa we Anamjan Rustamowa çykyş ederler. Erkekleriň bäsleşiginde bolsa Didarbek Jumabaýew, Bektimur Reýimow, Gaýgysyz Töräýew, Rüstem Annaberdiýew hem-de Şahzadbek Mätýakubow dagylar platforma çykarlar.

Ninbodaky bu Dünýä birinjiligi Halkara agyr atletika federasiýasy (IWF) tarapyndan agram derejeleriniň täze ulgamy kabul edilenden soňky ilkinji iri ýaryş bolup durýar. IWF-niň reformalaryna laýyklykda, öňki 20 agram derejesiniň deregine indi medallar toplumy 16 ugur boýunça — erkekleriň we zenanlaryň hersinde 8 agram derejesinde oýnalar. Şeýle hem Hytaýda geçiriljek bu abraýly bäsleşik 2028-nji ýylda Los-Anjelesde (ABŞ) guraljak tomusky Olimpiýa oýunlaryna saýlama ýaryş hökmünde uly strategik ähmiýete eýedir.

Bellenilmeli zat, Hytaý öz taryhynda eýýäm ikinji gezek agyr atletika boýunça Dünýä çempionatyny kabul edýär; bu ýurtda ilkinji dünýä birinjiligi 1995-nji ýylda geçirilipdi. Türkmen türgenleriniň täze agram derejelerinde görkezjek netijeleri milli sportumyzyň halkara meýdançasyndaky ornuny pugtalandyrmaga we Olimpiýa lisenziýalaryny gazanmaga uly mümkinçilik döreder.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌