Oýun sanawy


Gypjak obasynda ýerleşýän Türkmenbaşynyň ruhy metjidinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşiniň, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň Ýaşulular geňeşiniň agzalarynyň hem-de ýurt dindarlarynyň gatnaşmagynda dabaraly maslahat guraldy. «Watan» habarlar gepleşiginde mälim edilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda guramaçylyk meseleleri bilen bir hatarda, täze şäheriň ruhy binagärligine degişli möhüm teklip ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahata ýygnanan il sylagly ýaşulular we din wekilleri türkmen halkynyň gadymdan gelýän ýol çekmek, köpri gurmak we metjit galdyrmak ýaly sogaply we ynsanperwer ýörelgeleriniň ähmiýetini nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, maslahatyň barşynda döwlet ähmiýetli Arkadag şäherinde gurluşygy alnyp barylýan, bir wagtda 30 müň adama dindarlyk borçlaryny berjaý etmäge mümkinçilik berýän nurana binalar toplumyny «Arkadagyň ruhy metjidi» diýip atlandyrmak baradaky başlangyç öňe sürüldi.
Habarda bellenilişi ýaly, bu başlangyç türkmen halkynyň Milli Lideriniň innowasion şäheriň döwrebap derejede gurulmagy we onuň ruhy binýadynyň berkidilmegi ugrunda edýän uly tagallalaryna raýatlaryň bildiren ýokary hormatynyň hem-de köpsanly ýüz tutmalarynyň netijesidir. Maslahata gatnaşan ýaşulularyň we dindarlaryň hemmesi bu taryhy çözgüdi biragyzdan goldap, gurluşygy dowam edýän desganyň «Arkadagyň ruhy metjidi» diýlip atlandyrylmagynyň bütin halkyň islegine laýyk gelýändigini bellediler.
Şeýle hem okanyň


Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy
26 Okt. 10:04Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.
Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.
Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.