Oýun sanawy


Kiýewde Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni dabaraly bellenildi
26 Iýun. 17:11Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasy tarapyndan Kiýew şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriniň güni hem-de Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary guraldy. Ýurduň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, çäreleriň resmi bölegi Kiýewdäki Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy bilen başlandy. Oňa Ukrainanyň DIM-iniň hem-de Medeniýet ministrliginiň jogapkär wekilleri, daşary ýurtlaryň diplomatlary, medeniýet we ylym gurluşlarynyň wekilleri, şeýle hem ukrain paýtagtynda okaýan türkmen talyp ýaşlary we diasporasy uly işjeňlik bilen gatnaşdy.
Baýramçylyk maksatnamasy Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň binasynda guralan resmi kabul edişlik bilen dowam etdi. Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçisi Toýly Ataýew öz çykyşynda ýurduň taryhy Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygyna ynamly barýandygyny belläp, milli mirasy gorap saklamagyň hem-de dünýäde durnukly wagyz etmegiň döwlet syýasatynyň özeni bolup durýandygyny ýetirdi. Ol Magtymguly Pyragynyň çuňňur manyly golýazmalarynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» sanawyna girizilmeginiň halkara ykrarnamanyň aýdyň nyşanydygyny nygtady. Dabarada «Magtymguly Pyragy» medalynyň iki gezek eýesi Pawel Mowçan şahyryň ynsanperwerlik ýörelgeleri barada täsirli çykyş etdi. Medeni maksatnamanyň çäginde bolsa talyplar Magtymguly Pyragynyň goşgularyny iki dilde okadylar, şeýle hem dutar-gyjagyň owazy astynda ajaýyp milli aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler.
Şeýle hem okanyň


Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy
26 Okt. 07:21Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.
Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.