Oýun sanawy


Weddell deňzinde ylmy-barlag işlerini geçirýän halkara ekspedisiýa topary ozal hiç bir nawigasiýa kartasynda hasaba alynmadyk täze adany ýüze çykardy. Bu açyş Polarstern buz döwüji gämisiniň Larsen buz şelfini öwrenýän wagty, ýaramaz howa şertleri sebäpli Juanwil adasynyň golaýyndaky aýlagda gaçybatalga gözlemeli bolan pursadynda tötänleýin ýüze çykdy.
Ozallar hemra suratlarynda aýsberg ýa-da gämiler üçin howply zolak hökmünde kabul edilen bu desga, hakykatda uzynlygy 130 metr, ini bolsa 50 metr bolan uly gaýa bolup çykdy. Alfred Wegener institutynyň hünärmenleriniň aýtmagyna görä, adanyň deňiz derejesinden beýikligi 16 metre ýetýär.
Alymlar adanyň jikme-jik relýef modelini döretmek üçin dronlary we ultrases batimetriýa enjamlaryny ulandylar. Adanyň şu wagta çenli tapylman galmagynyň esasy sebäbi, Antarktidadaky galyň buz gatlaklarynyň we üznüksiz süýşýän aýsbergleriň ony gizläp saklamagydyr.
2026-njy ýylyň 9-njy aprelinde tamamlanan bu ekspedisiýa diňe bir täze ada tapmak bilen çäklenmän, eýsem sebitdäki ekologiýa ýagdaýynyň hem monitoringini geçirdi. Gynansak-da, barlaglar deňiz buzunyň rekord derejede azalandygyny we buzluklaryň örän çalt ereýändigini görkezdi. Resmi at beriş proseduralary tamamlanandan soň, täze adanyň takyk koordinatlary dünýäniň ähli deňiz maglumat bazalaryna goşular.
Şeýle hem okanyň


«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi
Bugün 09:12«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.
Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.
Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.