Oýun sanawy


Gazagystanda täze Konstitusiýa resmi taýdan güýje girdi we döwlet gurluşy özgerdi
01 Iýul. 09:20Şu ýylyň 1-nji iýulundan başlap Gazagystan Respublikasynda döwlet gurluşyny düýpli özgertjek täze Esasy kanun resmi taýdan güýje girdi. Bu resminama şu ýylyň 15-nji martynda geçirilen umumymilli referendumyň netijeleri boýunça halk tarapyndan kabul edilipdi. Täze kanunçylyk namasynyň güýje girmegi bilen, ýurtda 1995-nji ýylyň 30-njy awgustyndan bäri hereket edip gelen öňki Konstitusiýa öz güýjüni doly ýitirdi. Şol bir wagtda Mäžilisden we Senatdan ybarat bolan öňki iki palataly parlamentiň hem ygtyýarlyklary resmi taýdan tamamlandy.
Täze Konstitusiýanyň kadalaryna laýyklykda, ýurduň syýasy ulgamynda wise-prezident wezipesi girizilýär. Şeýle hem öňki parlamentiň deregine diňe partiýa sanawlary esasynda saýlanjak 145 deputatdan ybarat bolan bir palataly täze parlamente — Gurultaýa geçilýär. Mundan başga-da, döwlet edaralarynyň ulgamynda kanunçylyk başlangyjynyň hukugyna eýe bolan «Халык кенесі» (Halk geňeşi) atly ýokary maslahat beriji edara döredilýär, ýurtda öň hereket eden Gazagystanyň Halk assambleýasy bolsa doly ýatyrylýar.
Bellenilen kadalara görä, ýurduň Prezidenti täze Konstitusiýanyň güýje giren gününden başlap bir aýyň dowamynda Gurultaýa saýlawlary resmi taýdan yglan etmäge ile iki aýyň dowamynda ony guramaçylykly geçirmäge borçludyr. Mundan öň döwlet Baştutany Kasym-Žomart Tokaýew bu saýlaw ses berişliginiň awgust aýynda guraljakdygyny habar beripdi. Täze döredilýän wise-prezident wezipesine bolsa täze parlamentiň birinji sessiýasy açylandan soň, Gurultaýyň razylygy bilen iki aýyň içinde bellenilmelidir.
Başlangyç tapgyrda bu konstitusion özgertme diňe bir palataly parlament ulgamyna geçmegi göz öňünde tutýardy. Emma resminamany taýýarlan ýörite işçi topary döwlet gurluşyny kämilleşdirmek üçin has giň gerimli we düýpli üýtgeşmeleri hödürledi, munuň özi bolsa ýurtda täze Konstitusiýanyň doly kabul edilmegine getirdi. Şeýle-de täze kadalara laýyklykda, Gazagystanyň Konstitusiýa güni mundan beýläk her ýyl 30-njy awgustyň deregine taryhy referendun geçirilen gün — 15-nji martda dabaraly belleniler.
Prezident Kasym-Žomart Tokaýew ýurduň raýatlaryny täze Esasy kanunyň resmi taýdan güýje girmegi bilen gutlap, munuň özygtyýarly Gazagystanyň taryhynda düýbünden täze döwri alamatlandyrýandygyny mälim etdi. Döwlet Baştutany öz gutlagynda ýurduň yzygiderli ösüşiň, syýasy we ykdysady özgertmeleriň, giň gerimli döwrebaplaşdyryşyň esasy ýoluna gadam basandygyny aýratyn belledi. Şeýle hem bu taryhy günüň syýasy ulgamyň düýpli özgermeginiň we döwlet institutlarynyň täzeçe görnüşe geçmeginiň şerti boljakdygyny nygtady.
Ýurtda amala aşyrylýan bu düýpli özgertmeler raýat jemgyýetiniň we döwlet edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary täze hile çykarmaga gönükdirilendir. Täze Konstitusiýa arkaly döwlet dolandyryşynda aýdyňlygy üpjün etmek hem-de kanun çykaryjylygy halkyň bähbitlerine has-da laýyk getirmek meýilleşdirilýär.
Şeýle hem okanyň


«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi
Bugün 09:12«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.
Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.
Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.