Oýun sanawy


Lebap welaýat kitaphanasyna Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyndan we «Galkynyş» kitap merkezinden täze kitaplar gelip gowuşdy diýip, «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.
Olaryň arasynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Hakyda göwheri» atly eseriniň iňlisçe neşiri we «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitap bar.
Şeýle-de, kitaphananyň fonduna Ýazmyrat Mämmediniň «Beýik Seljuklar» romanynyň 3-nji tomy, Berdi Kerbabaýewiň goşgulary we poemalary, Aman Kekilowyň «Söýgi» romany hem-de Gara Seýitliýewiň şygyrlary girizildi.
Kitaphana mundan başga-da, Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň, Administratiw hukuk bozmalary baradaky kodeksiniň we Jenaýat-prosessual kodeksiniň türkmen we rus dillerindäki bir kitap görnüşinde neşir edilen görnüşlerini hem aldy.
Täze kitaplar welaýat kitaphanalarynyň şäher we etrap bölümlerine paýlanyldy. Olaryň maglumatlary elektron katalogda, elipbiý we tematik kataloglarda ýerleşdirildi. Kitap täzelikleri ýarmarkalar, kitap tanyşdyrylyş çäreleri, synlar we söhbetdeşlikler arkaly okyjylara ýetirilýär.
Şeýle hem okanyň


Wenesiýa halkara kinofestiwalynda režissýor Alek Gibni tarapyndan düşürilen, telekeçi Ilon Maskyň ömri we işi baradaky dokumental filminiň ilkinji görkezilişi geçirildi. Bäsleşikden daşgary görkezilen we takmynan dört sagat dowam edýän bu kinofilmiň golaýda Toronto halkara kinofestiwalynda hem görkezilmegi, 16-njy oktýabrda bolsa dünýä kinoteatrlaryna çykarylmagy meýilleşdirilýär.
Filmi döredijiler tarapyndan köpçülige hödürlenen tizer-wideo rolikde milliarder barada dürli garşylykly pikirler beýan edilýär. Onda käbir hünärmenler Masky häzirki döwrüň beýik oýlap tapyjysy diýip atlandyrsa, beýlekiler ony hereketini öňünden çaklap bolmaýan, rehimsiz we egoist adam hökmünde häsiýetlendirýärler. Tizer kosmos gämisiniň partlamagy we Maskyň «ýadro bombasy» bilen deňeşdirilmegi bilen tamamlanýar.
Tizerde Talking Heads toparynyň öňki solisti Dewid Birniň täze aýdymy ýaňlanýar. Kinoteatrlardaky resmi görkezilişleri tamamlanandan soňra, bu dokumental film HBO we Max striming platformalarynda tomaşaçylara hödürlener.