Oýun sanawy


Nepalyň syýasy durmuşynda taryhy wakalaryň biri bolup geçdi. Ýurduň merkezçi «Milli garaşsyz partiýasynyň» lideri Balendra Şah Premýer-ministr wezipesine resmi ýagdaýda girişdi. Bu barada Aziýanyň öňdebaryjy habar beriş serişdelerine salgylanýan halkara neşirler habar berýär. Şahyň häkimiýet başyna gelmegi ýurduň dolandyryş ulgamynda täzeçillikleriň we ýaş nesliň işjeňleşmeginiň nyşany hökmünde kabul edilýär.
Dabaraly çäräniň dowamynda Balendra Şah özüniň wezipesine girişmek kasamyny dabaraly ýagdaýda ýerine ýetirdi. «Men Balendra Şah, halkyň we ýurduň adyndan Konstitusiýany berjaý etjekdigime we Premýer-ministriň wezipesinde öz borjumy akýürekli ýerine ýetirjekdigime söz berýärin» diýip, täze Hökümet başlygy öz çykyşynda belledi. Onuň bu sözleri ýurtda kanunçylygy we halkyň bähbitlerini goramakda uly ynam döretdi.
Nepalyň paýtagty Katmandu şäheriniň öňki häkimi bolan 35 ýaşly Balendra Şah ýurduň taryhynda iň ýaş Premýer-ministr hökmünde hasaba alyndy. Onuň ýolbaşçylyk edýän partiýasy parlament saýlawlarynda uly üstünlik gazanyp, 275 orundan 182-sini eýelemegi başardy. Bu görkeziji täze Hökümetiň kanunçykaryjylyk we özgertmeler işinde berk goldawa eýedigini subut edýär.
Balendra Şahyň şahsyýeti diňe bir syýasat bilen çäklenmän, eýsem köpöwüşgünliligi bilen hem tapawutlanýar. Hünäri boýunça inžener bolan Şah, 2010-njy ýyllarda saz sungatynda, hususan-da, rep aýdymçysy hökmünde uly meşhurlyk gazanypdy. Ol öz aýdymlarynda jemgyýetdäki garyplyk we işsizlik ýaly ýiti meseleleri gozgap, halkyň we ýaşlaryň arasynda giň goldaw tapmagy başardy. Indi bolsa ol bu meseleleri döwlet derejesinde çözmäge girişýär.
Şeýle hem okanyň


«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi
Bugün 09:12«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.
Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.
Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.