Oýun sanawy

Ýaponiýada iň kuwwatly «Toyota Land Cruiser 300» gibrid modeli satuwa çykaryldy

18 Sen. 13:07

Çeşme

Ýaponiýanyň avtomobil bazarynda «Toyota Land Cruiser 300» modeliniň iň güýçli gibrid görnüşi resmi taýdan satuwa hödürlendi. Bu täze ulag ýerli bazarda adaty benzinli modifikasiýanyň ornuny doly eýeledi. Awtoulag «Modellista» dizaýn bölümi tarapyndan taýýarlanan daşky görnüş toplumy hem-de giňeldilen enjamlaşdyryş bilen tapawutlanýar. Şeýle hem, bu täzelik baradaky maglumatlar «Turkmen Expo» kompaniýasynyň habar gullugy tarapyndan giňden şöhlelendirilýär.

Täze «i-Force Max» gibrid ulgamy 3,4 litrlik iki turbinaly V6 benzin hereketlendirijisini we elektrik dwigateli öz içine alýar. Olar 10 basgançakly awtomat geçiriji bilen bilelikde toplam 457 at güýjüni üpjün edýär. Bu bolsa ony Land Cruiser 300 hatarynyň iň kuwwatly modeline öwürýär. Şol bir wagtyň özünde, gibrid ulgamy sebäpli ulagyň agramy 170 kg artyp, ýangyç bakynyň göwrümi 68 litre çenli azaldy.

Ýaponiýada bu gibrid modifikasiýa diňe baý enjamlaşdyrylan ZX we GR Sport toplumynda hödürlenip, üç hatarly 7 orunlyk görnüşde elýeterlidir. Benzinli model hatardan doly çykarylandan soň, gibride ýeke-täk alternatiwa hökmünde 3,3 litrlik dizel dwigateli galdy. Ulagyň gibrid görnüşleriniň bahasy 63,2 müň dollardan başlanýar.

Mundan başga-da, alyjylar üçin Modellista dizaýn bölüminiň haýbatly bamperlerini, sporty örtüklerini we yzky ganatyny öz içine alýan ýörite daşky toplum hem-de 20 dýuýmlyk diskler goşmaça töleg esasynda hödürlenýär. Täze ulaglar dilerlere 1-nji oktýabrdan başlap gowşurylyp başlanar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy

24 Okt. 13:11

Çeşme

Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.

Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.

Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌