Oýun sanawy


Moskwaly mekdep okuwçysy ünsi we ýady gowulandyrýan täze burun damjalaryny döretdi
29 Sen. 05:16Moskwanyň 11-nji synp okuwçysy Denis Kaçanow fonturasetam maddasynyň esasynda ünsi, ýady we aň-bilim ukyplaryny gowulandyrýan täze burun damjalarynyň taslamasyny hödürledi. Adatça kapsula ýa-da tabletka görnüşinde agyzdan kabul edilýän bu nootrop dermanyň suwda kyn ereýändigine garamazdan, jas oýlap tapyjy goşmaça komponentleri dogry saýlap, çökündisiz dury ergin taýýarlamagy başardy.
Russiýa Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň K. M. Lakin adyndaky Farmasewtika ylym-bilim institutynda geçirilen synaglaryň netijesinde, dermanyň burun arkaly goýberilende, bolsa-da pes mukdarda agyzdan kabul edilendäkiden has ýokary netijelilik görkezýändigi subut edildi. Bu üstünlikli barlag derman serişdesini burun arkaly girizmek usulynyň farmakologiýada giňden öwrenilmegi üçin täze geljegi uly ugruny açdy.
Şeýle hem okanyň


Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy
26 Okt. 10:04Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.
Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.
Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.