Oýun sanawy

Ahal welaýatynyň çetki obalarynda zamanabap aragatnaşyk ulgamy işe girizildi

04 Sen. 14:02

Çeşme

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Derweze geňeşligine girýän Ataguýy we Böri obalarynyň ýaşaýjylary üçin ýokary tizlikli internet hem-de telefon aragatnaşygy elýeterli edildi. «Ahaltelekom» welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň hünärmenleri bu taslamada «TürkmenÄlem 52°E» milli emeli hemrasynyň kuwwatyndan peýdalanyp, degişli enjamlary gurdular we ulgamy doly işe girizdiler.

Täze aragatnaşyk mümkinçilikleriniň döredilmegi oba ilatyna elektron döwlet hyzmatlaryndan, onlaýn bilim çeşmelerinden hem-de sanly töleg ulgamlaryndan päsgelsiz peýdalanmaga şert döredýär. Şeýle hem bu döwrebap altyada oba ýerlerinde telekeçilik işini ösdürmäge we maglumat alyş-çalşyny çaltlandyrmaga uly ýardam berer.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy

26 Okt. 10:04

Çeşme

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.

Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.

Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌