Oýun sanawy

BBC Türkmenistanda alajagaplaňlar barada dokumental film düşürýär

12 Sen. 13:07

Çeşme

«BBC Studios Natural History Unit» topary Türkmenistanda ýitip gitmek howpy astyndaky alajagaplaňlar barada dokumental film düşürdi. Surata düşürilen materiallar «National Geographic» telekanaly üçin taýýarlanýan «HOME Asia» taslamasyna giriziler. Bu barada Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi Stiwen Konlon «News Central Asia» neşirine habar berdi.

Filmiň wideoşekilleri Köpetdagyň Duşak-Erekdag zolagynda we Uly Balkan sebitinde surata düşürildi. Beýik Britaniýanyň ilçihanasy tarapyndan goldanylan bu taslama halkara tomaşaçylaryny diňe bir seýrek duş gelýän alajagaplaňlar bilen däl, eýsem Türkmenistanyň özboluşly tebigaty hem-de ony gorap saklaýan hünärmenler bilen tanyşdyrar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy

26 Okt. 10:04

Çeşme

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.

Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.

Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌