Oýun sanawy


Aşgabatda kompozitor Weli Muhadowyň hatyrasyna bagyşlanan maslahat geçirildi Aşgabatda kompozitor Weli Muhadowyň hatyrasyna bagyşlanan maslahat geçirildi Aşgabat şäherinde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk
02 Maý. 05:12Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynda belli kompozitor Weli Muhadowyň doglan gününiň dabaralaryna bagyşlanan medeni çäre guraldy. Maslahata gatnaşyjy ylym we sungat işgärleri meşhur sazşynasyň türkmen professional saz sungatynyň kemala gelmeginde bitiren hyzmatlaryna hem-de onuň döredijilik ýoluna ýokary baha berdiler. Çäräniň esasy maksady kompozitoryň baý mirasyny öwrenmekden we ýaş nesillere ýetirmekden ybarat boldy.
Halkara derejesindäki dabarada TÜRKSOÝ guramasynyň Baş sekretary Sultan Raýew hormatly myhman hökmünde çykyş etdi. Ol Weli Muhadowyň diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem tutuş türk dünýäsiniň medeniýetini baýlaşdyran dünýä derejesindäki şahsdyygyny aýratyn belledi. Maslahatyň dowamynda nusgawy saz eserleriniň we milli äheňleriň sazlaşygy esasynda döredilen eserleriň ähmiýeti barada giňişleýin durlup geçildi.
Kompozitoryň döredijilik gazananlarynyň arasynda onuň opera žanryna goşan goşandy aýratyn orun eýeleýär. «Zöhre we Tahyr» hem-de «Ganly saka» ýaly operalaryň üsti bilen türkmen opera mekdebiniň binýady tutuldy. Şeýle-de, meşhur sazandanyň talyp ýyllarynda Moskwanyň döwlet konserwatoriýasynda okaýan wagty gazanan üstünlikleri — «Türkmen sýuitasy» we «Meniň Watanym» atly eserleri üçin yzly-yzyna iki gezek iň ýokary döwlet sylaglaryna mynasyp bolmagy, sazçylyk taryhynda seýrek duş gelýän waka hökmünde häsiýetlendirildi.
Ylmy maslahat amaly häsiýetli çäreler bilen utgaşdyrylyp, ýokary okuw mekdebiniň talyplary üçin ýörite ussatlyk sapaklary guraldy. Bu sapaklarda ýaş sazandalar professional ussatlygyň inçeliklerini öwrenmäge we milli saz däplerini döwrebap derejede ösdürmäge uly itergi aldylar. Bu çäre türkmen medeniýetiniň sütünleriniň birini hatyralamak bilen birlikde, geljekki sazandalaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen möhüm ädim boldy.
Şeýle hem okanyň


Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy
26 Okt. 10:04Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.
Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.
Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.