Oýun sanawy

Ahal, Balkan we Mary welaýatlarynda demirýol stansiýalarynyň döwrebap binalary gurlar

25 Iýul. 07:27

Çeşme

Türkmenistanyň Ahal, Balkan we Mary welaýatlarynda demirýol stansiýalarynyň döwrebap binalary gurlar. Bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda wise-premýer B.Annaýewiň demir ýol ulaglary pudagyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler baradaky hasabatynda bellenildi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, ýurduň demir ýol ulaglary pudagynyň işiniň netijeliligini artdyrmak we işgärler üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen degişli teklipler hödürlendi. Türkmenistanyň Prezidenti hödürlenen teklipleri doly makullap, Ahal, Balkan we Mary welaýatlarynda demir ýol stansiýalarynyň täze binalaryny gurmak boýunça degişli işleri geçirmegi wise-premýere tabşyrdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy

26 Okt. 10:04

Çeşme

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.

Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.

Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌