Oýun sanawy

Mahmyt Kaşgarly adyndaky halkara edebi bäsleşik üçin döredijilik işleri kabul edilip başlandy

16 Iýun. 07:16

Çeşme

Ýewraziýa Ýazyjylar Birleşiginiň 20 ýyllyk ýubileýi mynasybetli yglan edilen VIII Halkara Mahmyt Kaşgarly hekaýa bäsleşigine gatnaşmak isleýän türkmenistanly awtorlaryň arzalary kabul edilip başlandy. Medeniýet ministrligi tarapyndan guralýan saýlama tapgyra ozal hiç ýerde çap edilmedik we baýrak almadyk, erkin temadaky kyssa eserleri hödürlenip bilner. Şertnama boýunça bir ýazyjy iň köp iki sany hekaýa bilen bäsleşip biler.

Edebi taslama hödürlenýän işleriň möçberi 1 000 sözden az we 7 500 sözden köp bolmaly däl hem-de kompýuterde 12-lik şriftde ýazylmalydyr. Şeýle-de golýazmanyň başynda awtoryň edebi lakamy görkezilmelidir. Guramaçylar eserleriň hakyky ýazyjy galamyndan çykan bolmagyny talap edýärler — emeli aňyň kömegi bilen ýazylan ýa-da özboluşly äheňi bolmadyk işler bäsleşige goýberilmeýär.

Gatnaşyjylar öz işlerini we pasport nusgasy, terjimehal ýaly zerur resminamalaryny 2026-njy ýylyň 31-nji iýulyna çenli ministrligiň sanly-medeniyet@sanly.tm elektron salgysyna ibermelidirler. Ýurt içinde tapawutlanan iň gowy hekaýalar TÜRKSOÝ guramasynyň üsti bilen halkara eminlerine iberiler. Pul baýrakly bäsleşigiň jemleri noýabr aýynda yglan edilip, sylaglama dabarasy şol ýylyň dekabrynda guralar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy

26 Okt. 07:21

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.

Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌