Oýun sanawy


Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
26 Iýun. 10:28Türkmenistanyň Bilim ministrliginde ministr Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy geçirildi. Bilim ministrliginiň resmi saýtynyň habar bermegine görä, söhbetdeşligiň dowamynda iki döwletiň arasynda bilim, ylym we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň hem-de täze derejä çykarmagyň wajyp meseleleri giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary we ynanyşmagy pugtalandyrmakda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň strategik ähmiýete eýedigini aýratyn bellediler. Duşuşykda iki ýurduň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak, professor-mugallymlaryň we talyplaryň arasynda tejribe alyşmak maksatnamalaryny giňeltmek hem-de ylmy ugurda bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmek boýunça bar bolan kuwwatly mümkinçilikler barada netijeli pikir alşyldy. Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeň dowam etdirmäge hem-de iki döwletiň bilim ulgamyndaky gatnaşyklaryny täze anyk mazmun bilen baýlaşdyrmaga doly taýýardyklaryny tassykladylar.
Şeýle hem okanyň


Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi
Bugün 07:13Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.
Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.