Oýun sanawy


Türkmenistanda balykçylyk gämileriniň ekipažynyň iň az sanyna bildirilýän talaplar kesgitlenildi
03 Aprel. 07:46Türkmenistanyň balyk tutujy flotunyň gämileriniň howpsuzlygyny we netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, ekipaž agzalarynyň hökmany sany baradaky täze düzgünler tassyklanyldy. Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan kabul edilen bu resminama mart aýynyň ahyrynda Adalat ministrliginde döwlet belligine alyndy. Täze kadalar ýurduň deňiz hojalygynda zähmet amallaryny düzgünleşdirmäge gönükdirilendir.
Hukuk resminamasy Söwda deňiz gatnawynyň kodeksine esaslanyp, gämileriň göwrümine görä işgär sanyny takyklaýar. Kadalara laýyklykda, 500 registr tonnadan başlanýan gämilerde azyndan 13 hünärmen bolmaly bolsa, 6000 registr tonnadan ýokary bolan iri gämilerde ekipažyň sany 16 adama çenli artdyrylýar. Bu talaplar deňizçileriň zähmet şertleriniň halkara standartlara laýyk gelmegini üpjün edýär.
Gämi ekipažynyň düzüminde ýolbaşçy düzümden başlap, aşpez we bufetçi ýaly hyzmat ediş işgärlerine çenli ähli zerur wezipeler bellenildi. Şol bir wagtda, resminamada kenarýaka zolagynda ýüzýän gämiler üçin käbir ýeňillikler hem göz öňünde tutulýar. Mysal üçin, kenardan 20 deňiz milinden uzaklaşmaýan gämilerde wahta işgärleriniň sanyny azaltmaga we belli şertler esasynda radiooperator wezipesini utgaşdyrmaga rugsat berilýär.
Täze buýrugyň amala aşyrylmagyna Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň jogapkär ýolbaşçylary we Balkan welaýatynyň degişli müdürlikleri gözegçilik ederler. Resminamanyň Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen ylalaşylmagy, deňizçileriň durmuş goraglylygynyň we zähmet hukuklarynyň doly berjaý ediljekdigine şaýatlyk edýär.
Şeýle hem okanyň


Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi
Bugün 07:13Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.
Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.