Oýun sanawy


Warşawada Türkmenistanyň we Polşanyň migrasiýa edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlyk barada täze ylalaşyk gazanyldy
23 Iýun. 14:35Polşa Respublikasynyň paýtagtynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow we Polşanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň ýolbaşçysy Robert Bagan resmi duşuşyk geçirdiler. Gepleşikleriň netijesi boýunça iki ýurduň degişli edaralarynyň arasynda migrasiýa babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek Ähtnamasyna gol çekildi.
Resmi duşuşygyň dowamynda taraplar global derejede parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek meselelerine aýratyn üns berdiler. Şeýle-de söhbetdeşler häzirki zaman halkara migrasiýa ulgamynyň geljegi hem-de bu ugurda ikiçäk gatnaşyklaryň strategik ähmiýeti barada giňişleýin pikir alyşdylar.
Täze resminama laýyklykda, iki döwletiň gulluklary özara tejribe alyşmagy, amaly maglumatlaryň geňeşmelerini ýola goýmagy we bilermenleriň duşuşyklaryny yzygiderli gurnamagy meýilleşdirýärler. Taraplar bu Ähtnamanyň geljekki özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde ygtybarly binýat boljakdygyny belläp, bilelikdäki işleri işjeň dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Şeýle hem okanyň


«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi
Bugün 09:12«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.
Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.
Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.