Oýun sanawy

Türkmenistanyň wekiliýeti Moskwada geçirilen GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

03 Aprel. 16:00

Çeşme

Russiýa Federasiýasynyň paýtagtynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Ykdysady geňeşiniň 109-njy mejlisi bolup geçdi. Bu möhüm çärä Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Perhat Ýagşyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekilýet gatnaşdy. Duşuşyk Arkalaşygyň çäklerinde ykdysady hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmak we sebitara gatnaşyklary berkitmek ugrunda möhüm ädim boldy.

Mejlisiň dowamynda taraplar özara bähbitli ykdysady gatnaşyklaryň geljegi uly bolan ugurlaryny jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Esasy üns söwda dolanyşygyny artdyrmak, ulag-logistika ulgamlaryny kämilleşdirmek we maliýe durnuklylygyny üpjün etmek ýaly meselelere gönükdirildi. Şeýle hem gatnaşyjylar sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça tejribe alyşmagyň ähmiýetini nygtadylar.

Wekiliýetleriň ýolbaşçylary hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny berkitmäge gönükdirilen birnäçe möhüm resminamalaryň taslamalaryna seretdiler. Bu resminamalar GDA agza döwletleriň arasynda harytlaryň we hyzmatlaryň erkin hereketini üpjün etmäge, şeýle hem bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny goldamaga gönükdirilendir. Taslamalaryň kabul edilmegi ykdysady gatnaşyklaryň bökdençsizligini üpjün etmäge ýardam eder.

Gepleşikleriň netijeleri boýunça indiki duşuşygyň wagty hem anyklanyldy. GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 110-njy mejlisini 2026-njy ýylyň iýun aýynda Moskwada geçirmek barada ylalaşyk gazanyldy. Şol wagt aralygynda hünärmenler tarapyndan täze başlangyçlar we taslamalar boýunça degişli taýýarlyk işleriniň alnyp barylmagyna garaşylýar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Türkmenistanyň U15 futbol ýygyndysy Bakuda geçirilýän FIFA festiwalynda ilkinji ýeňişlerini gazandy

Bugün 06:20

Çeşme

Türkmenistanyň 15 ýaşa çenli (U15) ýetginjekler ýygyndysy Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilýän FIFA-nyň bütindünýä festiwalynda we dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş edýär. Ýurdumyzyň ýetginjek futbolçylary L toparçada Gonkongyň ýygyndysyny 2:1 hasabynda hem-de Kuk adalarynyň toparyny 3:1 hasabynda ýeňmegi başardylar. Toparyň düzüminde Artýom Çernow 3 gol geçirip, iň netijeli hüjümçi boldy. Şeýle hem Guwanç Artykow, Serdar Agaýew we Zehnetdin Şarafatdinow hersi bir gezek tapawutlandylar.

Geçirilen duşuşyklarda türkmen futbolçylary Italiýanyň (1:5) we Kataryň (0:4) güýçli ýygyndylaryna ýeňilen hem bolsalar, geçiren 4 oýnundan soň 6 utuk toplap, toparçada üçünji orny eýelediler. Deslapky Tapgyryň soňky duşuşygyny milli ýygyndymyz 26-njy oktýabrda Beniniň toparçasy bilen geçirýär. Bakuwdaky bäsleşige baş tälimçi Aziz Kambarowyň we onuň kömekçisi Dawid Sarkisowyň ýolbaşçylygynda ham-da kapitan Şamyrat Namraýewiň serdarlygynda jemi 14 sany ýaş futbolçy ugradyldy.

Halkara ýaryşyň düzgünlerine laýyklykda, oýunlar kiçeldilen meýdançalarda 8×8 görnüşinde amala aşyrylyp, duşuşyklar 20 minutlyk iki taýmdan ybaratdyr. Deslapky tapgyrdan soň toparlar eýelän orunlaryna görä pleý-off diwizionlaryna бölünýärler we ýaryşyň dowamynda her bir ýygyndy jemi 10 oýun geçirer. Bu halkara turnir Türkmenistanyň ýaş futbolçylary üçin uly halkara tejribe we amaly mekdep öwrülýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌