Oýun sanawy


Enjamyň öz energiasyny özi öndürýän batareýasyz täze kompýuter döredildi
17 Awgust. 17:02«Reddit» platformasynyň PickentCode lakamly ulanyjysy daşarky elektrik toguny we batareýany талап etmän işleýän özboluşly ykjam kompýuter enjamyny oýlap tapdy. Bu innowasion enjam özüne gerekli bolan elektrik energiýasyny ýylylyk tapawudyndan alýan kiçi göwrümli Stirling motory hamda uçar generator arkaly özbaşdak öndürýär.
Taslamanyň awtory enjamyň korpusyny agaçdan taýýarlap, onda motoryň oýlap tapyjysy Robert Stirlingiň resmini lazer bilen oýup ýerleşdirdi. Enjamyň tehniki binýadyna 2,42 dýuýmlyk ak-gara ekran, 16 düwmeli klawiatura we ESP32 C3 mikrokontrolleri girýär. Motor tarapyndan öndürilýän togy durnuklaşdyrmak üçin bolsa ýörite kondensatorlar hem-de woltmetrler ulanyldy.
Enjamda energianyň sarp edilişini minimal derejä düşürmek maksady bilen, awtor Wi-Fi we Bluetooth modullaryny öçürdi hem-de prosessoryň tizligini mümkin boldugyça haýallatdy. Şeýle çäklendirmelere garamazdan, kompýuter doly funksionallykda işleýär we «Tetris», «Snake», «Pong» ýaly oýunlary bökdençsiz işletmäge mümkinçilik berýär.
Bu taslama amatly we daşky gurşawa zyýansyz alternatiw energiýa çeşmelerini kiçi göwrümli elektronika enjamlarynda peýdalanmagyň durnukly mümkinçiliklerini aýdyň görkezýän özboluşly tehniki üstünlige öwrüldi.
Şeýle hem okanyň


NASA-nyň «Habbl» teleskopy älem «köpürjiginiň» içki gurluşyny surata düşürdi
09 Sen. 11:31NASA-nyň «Habbl» älem teleskopy Ýerden 160 müň ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän Uly Magellan Buludyndaky N44 dumanlygynyň täze suratyny aldy. Altynbalyk ýyldyzlar toparynda ýerleşýän bu dumanlygyň merkezinde 500 müň töweregi ýyldyz hem-de gaz we tozandan ybarat dykyz gabyk bilen gurşalan ägirt uly boşluk ýerleşýär. Alymlaryň bellemegine görä, bu boşluk güýçli ýyldyz ýelleriniň we täze ýyldyzlaryň partlamalarynyň täsiri astynda emele gelipdir.
Barlagçylar suratyň ýokarky sag tarapyndaky N44F kiçijik köpürjigine aýratyn üns berýärler. Onuň töwereginde özboluşly sütünlerden ybarat gurluşlar we şöhlelenme akymlary görünýär. Bu sebitde entek ömrüniň ilkinji tapgyrynda duran, wodorody geliý elementine öwrüp başlamadyk 30 müň töweregi örän ýaş ýyldyz ýüze çykaryldy.