Oýun sanawy


Lebapda uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemegiň görkezijileri ýokarlandyryldy
01 Maý. 14:47«Türkmengaz» döwlet konserniniň düzümindäki Suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça Lebap önümçilik müdirligi 2026-njy ýylyň başyndan bäri durnukly ykdysady ösüşi görkezýär. Mart aýynyň jemleri boýunça kärhana önümçilik meýilnamasyny 100,4 göterim berjaý etmegi başardy. Hususan-da, meýilleşdirilen 9 müň 710 tonnanyň ýerine, hakykatda 9 müň 752 tonna ýokary hilli suwuklandyrylan gaz öndürilip, sarp edijilere ugradyldy.
Gaz kondensatynyň çykarylyşy boýunça hem görkezijiler meýilnamadakydan ep-esli ýokary boldy. Hasabat döwründe bu önümiň 7 müň 586 tonnasy alnyp, bellenen wezipe 105,8 göterim ýerine ýetirildi. Bu netijeler kärhananyň tehnologiki desgalarynyň bökdençsiz we netijeli işledilmeginiň, şeýle hem çig maly gaýtadan işlemegiň döwrebap usullarynyň ornaşdyrylmagynyň netijesidir.
Häzirki wagtda welaýat boýunça ýylyň birinji çärýeginiň umumy önümçilik möçberi 25,6 müň tonna ýetdi. Bu sanlar geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, uly ösüşiň bardygyny tassyklaýar. Statistiki maglumatlara görä, umumy önümçilik kuwwaty geçen ýyllar bilen deňeşdirilende 2,5 esse artdy, bu bolsa Türkmenistanyň gaz pudagynyň eksport mümkinçilikleriniň giňelýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
2005-nji ýylda düýbi tutulan bu önümçilik toplumy Türkmenabat şäherinde ýerleşip, sebitiň senagat düzüminde möhüm orun eýeleýär. Müdirligiň garamagynda iki sany döwrebap önümçilik desgasy hem-de taýýar önümi saklamak we ugratmak üçin niýetlenen dört sany ýöriteleşdirilen terminal hereket edýär. Kärhanada tebigy gazy gaýtadan işlemegiň doly sikli amala aşyrylyp, ondan ýokary isleg bildirilýän harytlyk gaz we beýleki uglewodorod önümleri alynýar.
Şeýle hem okanyň


«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar
24 Okt. 12:11Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.
Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.