Oýun sanawy


Dünýä belli futbolçy Lionel Messi we Argentina futbol assosiasiýasy (AFA) Günorta Floridanyň kazyýetinde uly dawa bilen ýüzbe-ýüz boldy. VID promouterlik kompaniýasy tarapyndan berlen şikaýat arzasyna görä, futbolçy we assosiasiýa kezzaplykda hem-de şertnama borçlaryny bozmakda aýyplanýar. Bu waka sport dünýäsinde, aýratyn-da şertnamalaýyn borçnamalar babatda uly gyzyklanma döretdi.
Kazyýet resminamalaryna laýyklykda, VID kompaniýasy Argentinanyň milli ýygyndysynyň Wenesuela we Puerto-Riko garşy geçirmeli ýoldaşlyk duşuşyklaryny gurnamak hukugy üçin AFA-na 7 million dollar möçberinde serişde töläpdir. Şertnamanyň iň möhüm şerti hökmünde bolsa, 38 ýaşly dünýä ýyldyzy Lionel Messiniň bu oýunlara gatnaşmagy bellenilipdir. Şertnama boýunça Messi, eger saglyk ýagdaýy bökdençlik döretmese, her oýunda azyndan 30 minut meýdançada bolmaly ekeni.
Dawa, Messiniň Wenesuela garşy geçirilen oýunda meýdança çykmazlygy sebäpli ýüze çykdy. Promouterler şol wagt futbolçynyň hiç hili şikesiniň bolmandygyny we oýunçynyň bilkastlaýyn meýdança çykarylmandygyny öne sürýärler. Bu ýagdaý gurnawy amala aşyran kompaniýany uly maliýe ýitgilerine sezewar etdi we tomaşaçylaryň öňündäki jogapkärçiligi sorag astyna goýdy.
Häzirki wagtda VID kompaniýasy diňe bir meýilleşdirilen peýdasyny däl, eýsem çekilen ähli zyýanlaryň öweziniň dolunmagyny talap edýär. Şikaýatçylaryň bellemegine görä, Messiniň gatnaşmazlygy "millionlarça dollar" möçberinde zyýan getirdi. "Inter Maýami" klubunyň ýyldyzy we Argentina futbol assosiasiýasy tarapyndan bu aýyplamalar boýunça entek resmi düşündiriş berilmedi.
Şeýle hem okanyň


«Arsenalyň» wingeri Bukaýo Saka ynsanperwerlik işleri üçin abraýly Sokrates baýragyna mynasyp boldy
Bugün 05:10Londonyň «Arsenal» klubunyň we Angliýanyň milli ýygyndysynyň wingeri Bukaýo Saka köp sanly ýurtlarda mätäç adamlara we çagalara beren ynsanperwerlik kömegi üçin abraýly Sokrates baýragy bilen sylaglandy. Bu halkara sylag futbolçy 26-njy oktýabrda Londonda geçirilen «Altyn top» gowşurylyş dabarasynda dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Saka kyn ýagdaýa düşen maşgalalara hem-de çagalara lukmançylyk kömegini berýän «Big Shoe» haýyr-sahawat guramasy bilen bütin dünýä boýunça ýakyn hyzmatdaşlyk amala aşyrýar.
Bilelikdäki haýyr-sahawat taslamalarynyň çäklerinde iňlis futbolçysy Nigeriýada we beýleki Afrika ýurtlarynda çagalar üçin gaýragoýulmasyz hirurgiki operasiýalary maliýeleşdirmäge giňden goldaw berdi. «France Football» neşiriniň maglumatlaryna görä, bu ynsanperwer amallaryň netijesinde 100-den gowrak çaga saglygyny dikeltmek üçin zerur bolan lukmançylyk kömegini aldy. Mundan başga-da, Saka Türkiýede we Marokkoda bolup geçen weýrançylykly ýertitremelerden ejir çeken maşgalalar üçin wagtlaýyn ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna uly möçberde serişde gönükdirdi.
Sokrates baýragy 2022-nji ýylda «France Football» žurnaly tarapyndan «Peace and Sport» guramasy hem-de meşhur braziliýaly futbolçy Sokratesiň maşgalasy bilen bilelikde döredildi. Bu baýrak futbol wekillerine meýdançadan daşary amala aşyran jemgyýetçilik we ynsanperwerlik taslamalary üçin gowşurulýar. Baýragyň taryhdaky ilkinji eýesi senegally hüjümçi Sadio Mane bolupdy, Sakanyň bu ýeňşi bolsa sportuň jemgyýetçilik jogapkärçiligini ýene bir gezek dünýä aýan etdi.