Oýun sanawy

PFL ýaryşynyň öňüsyrasynda Döwletjan Ýagşymyradow bilen Simeon Pauelliň arasynda «nazar bäsleşigi» geçirildi

06 Awgust. 05:00

Çeşme

Garyşyk başa-baş söweş sungaty (MMA) boýunça türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow Professional Fighters League (PFL) guramasynyň çäklerindäki nobatdaky duşuşygynyň öňüsyrasynda britaniýaly garşydaşy Simeon Pauell bilen däp bolan «nazar bäsleşigini» (face-off) geçirdi. Ýarym agyr agram derejesinde çykyş edýän türgenleriň bu tutluşygy «PFL Charlotte» ýaryşynyň esasy kardynyň maksatnamasyna girizildi.

Söweş 7-nji awgustda ABŞ-nyň Demirgazyk Karolina ştatynyň Şarlotta şäherindäki «Bojangles Coliseum» sport kompleksinde geçiriler. Ozal bu tutluşygyň Nýu-Ýorkda geçirilmegi meýilleşdirilen hem bolsa, ýerli atletika komissiýasynyň Simeon Pauelli ozal geçirilen operasiýasy sebäpli ýaryşa goýbermezlik karary sebäpli söweşiň senesi bir hepde yza süýşürildi, ýöne garşydaşlaryň jübütligi üýtgewsiz galdyryldy.

Türgenleriň statistik görkezijilerine seretsek, Döwletjan Ýagşymyradowyň çykyşlarynyň hasabynda 26 ýeňiş, 8 ýeňliş we 1 deňme-deňlik bar. Onuň garşydaşy Simeon Pauell bolsa käri boýunça geçiren 14 söweşinde 12 gezek ýeňiş gazanyp, diňe 2 gezek ýeňlişe uçrady.

Ýaryşyň esasy kardynyň göni ýaýlymy ESPN teleýaýlymy arkaly alyp görkeziler. Türkmenistandaky MMA janköýerleri we Döwletjan Ýagşymyradowyň muşdaklary bu möhüm söweşi «Belet» platformasy arkaly göni ýaýlymda synlap bilerler. Aşgabat wagty bilen tutluşygyň 8-nji awgustda takmynan sagat 08:30-da başlamagyna garaşylýar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Arsenalyň» wingeri Bukaýo Saka ynsanperwerlik işleri üçin abraýly Sokrates baýragyna mynasyp boldy

Bugün 05:10

Çeşme

Londonyň «Arsenal» klubunyň we Angliýanyň milli ýygyndysynyň wingeri Bukaýo Saka köp sanly ýurtlarda mätäç adamlara we çagalara beren ynsanperwerlik kömegi üçin abraýly Sokrates baýragy bilen sylaglandy. Bu halkara sylag futbolçy 26-njy oktýabrda Londonda geçirilen «Altyn top» gowşurylyş dabarasynda dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Saka kyn ýagdaýa düşen maşgalalara hem-de çagalara lukmançylyk kömegini berýän «Big Shoe» haýyr-sahawat guramasy bilen bütin dünýä boýunça ýakyn hyzmatdaşlyk amala aşyrýar.

Bilelikdäki haýyr-sahawat taslamalarynyň çäklerinde iňlis futbolçysy Nigeriýada we beýleki Afrika ýurtlarynda çagalar üçin gaýragoýulmasyz hirurgiki operasiýalary maliýeleşdirmäge giňden goldaw berdi. «France Football» neşiriniň maglumatlaryna görä, bu ynsanperwer amallaryň netijesinde 100-den gowrak çaga saglygyny dikeltmek üçin zerur bolan lukmançylyk kömegini aldy. Mundan başga-da, Saka Türkiýede we Marokkoda bolup geçen weýrançylykly ýertitremelerden ejir çeken maşgalalar üçin wagtlaýyn ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna uly möçberde serişde gönükdirdi.

Sokrates baýragy 2022-nji ýylda «France Football» žurnaly tarapyndan «Peace and Sport» guramasy hem-de meşhur braziliýaly futbolçy Sokratesiň maşgalasy bilen bilelikde döredildi. Bu baýrak futbol wekillerine meýdançadan daşary amala aşyran jemgyýetçilik we ynsanperwerlik taslamalary üçin gowşurulýar. Baýragyň taryhdaky ilkinji eýesi senegally hüjümçi Sadio Mane bolupdy, Sakanyň bu ýeňşi bolsa sportuň jemgyýetçilik jogapkärçiligini ýene bir gezek dünýä aýan etdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌