Oýun sanawy


Arkadag şäherinde Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşuryldy
26 Sen. 05:36Düýn Arkadag şäherinde Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli häzirki zaman amatlyklaryny özünde jemleýän ajaýyp ýaşaýyş jaýlaryndan öýleriň açarlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Täze öý edinen bagtyýar maşgalalar üçin bu waka beýik baýramçylyk mynasybetli hakyky toý sowgadyna öwrüldi.
Açylyp ulanyşyga berlen täze jaýlarda otaglaryň ýerleşdirilişi gowulandyrylyp, türkmen halkynyň milli ruhuna kybap gelýän derejede enjamlaşdyrylan aşhanalar, çagalar otaglary we beýleki ýaşaýyş şertleri häzirki zaman talaplaryna doly gabat gelýär. Täze öýleriň eýeleri bolan raýatlar ilat barada edýän yzygiderli aladalary we döredilýän giň mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadaga hem-de Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden çeňňesiz hoşallyklaryny bildirdiler.
Şeýle hem okanyň


Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy
26 Okt. 10:04Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.
Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.
Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.