Oýun sanawy


Žan-Lýuk Melanşon Fransiýanyň prezidentligi ugrundaky göreşe goşulýar
05 Maý. 06:28Fransiýanyň çepçi syýasy güýçleriniň esasy liderleriniň biri, «Boýun egmezek Fransiýa» partiýasynyň esaslandyryjysy Žan-Lýuk Melanşon 2027-nji ýylda geçiriljek prezident saýlawlaryna gatnaşmaga taýýarlanýandygyny resmi taýdan tassyklady. Ýurduň öňdebaryjy teleýaýlymlarynyň birinde çykyş eden syýasatçy, özüniň nobatdaky saýlaw möwsüminde ýokary döwlet wezipesi ugrunda dalaşgär boljakdygyny mälim etdi. Bu habar Fransiýanyň syýasy gurşawynda täze çekişmeleriň başlamagyna sebäp boldy.
Melanşon geljekki saýlawlarda özüniň esasy garşydaşlary hökmünde sagçy garaýyşly «Milli bileleşik» partiýasynyň wekillerini görýär. Onuň pikiriçe, esasy bäsdeşlik Marin Le Pen ýa-da Žordan Bardella ýaly syýasatçylar bilen bolup geçer. Çepçi lider saýlaw kampaniýasynyň esasy ugruny sagçy güýçleriň täsirini çäklendirmäge we durmuş adalatlylygyny üpjün etmäge gönükdirmegi meýilleşdirýär.
Geçen saýlaw tejribelerine seredeniňde, Melanşon saýlawçylaryň arasynda uly goldawa eýe bolmagy başarypdy. Ol öňki saýlawlaryň birinji tapgyrynda sesleriň 22 göterimini alyp, iň netijeli üç dalaşgäriň hataryna girmegi başarypdy. Emma şol wagt ol ikinji tapgyra geçmek üçin zerur bolan goldawy az tapawut bilen elden beripdi. Şonuň üçin hem 2027-nji ýyldaky synanyşyk onuň syýasy karýerasynda iň möhüm pursat bolar diýlip garaşylýar.
Fransiýanyň konstitusion tertibine laýyklykda, nobatdaky prezident saýlawlarynyň birinji tapgyry 2027-nji ýylyň aprel aýyna meýilleşdirilýär. Häzirki prezident Emmanuel Makronyň ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy bilen, ýurtda täze syýasy döwrüň başlanjakdygy şübhesizdir. Melanşonyň dalaşgärligini öňünden yglan etmegi, çepçi güýçleriň saýlawlara has ir we guramaçylykly taýýarlyk görmäge çalyşýandygyny görkezýär.
Şeýle hem okanyň


«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi
Bugün 09:12«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.
Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.
Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.