Oýun sanawy


Ýaponiýada bäbekleri çalt uklatmak we ene-atalaryň stressini azaltmak üçin ylmy esasly saz ýazgysy taýýarlandy
23 Iýun. 12:33Ýaponiýanyň ses seljermeleri boýunça ýöriteleşen «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» atly täjirçilik däl guramasy bäbekleri rahatlandyrmak we uklatmak üçin niýetlenen aýratyn saz kompozisiýasyny döretdi. Bu innowasion taslama çagalaryň yzygiderli aglamagy sebäpli emosional ýadawlygy hem-de dogrumdan soňky depressiýany başdan geçirýän ene-atalary we çagalar baglarynyň terbiýeçilerini goldamak maksady bilen amala aşyryldy. Ýörite taýýarlanan audioýazgy internet ulgamynda gysga wagtyň içinde millionlarça gezek diňlenilip, uly gyzyklanma döretdi.
Dowamlylygy takmynan on dört minuta barabar bolan bu täsin kompozisiýa saz gutujygynyň rahatlandyryjy owazyny, deňiz tolkunlarynyň sesini hem-de ynsanyň ukuda wagtyndaky kadaly dem alşyny ýatladýan ýörite «gülgüne sesi» özünde utgaşdyrýar. Guramanyň ýolbaşçysy Musutoşi Muraokanyň bellemegine görä, sazyň ölçegleri, depgini we ses belentliginiň çäkleri uky boýunça geçirilen ylmy barlaglaryň hem-de dürli sesleriň adam bedenine ýetirýän täsirleriniň netijeleri esasynda takyk kesgitlendi.
Hünärmenler bu sazyň her bir çaga üçin birmeňzeş täsir etmejekdigini ýatladýarlar, emma ol aglaýan bäbekleriň köpüsini rahatlandyrmakda we ene-atalara az-kem dynç almaga mümkinçilik döretmekde netijeli gural hökmünde görkezilýär. Häzirki wagtda uly meşhurlyk gazanan bu ýörite saz eserini guramanyň resmi internet saýtyndan şu aýyň ahyryna çenli onlaýn görnüşde mugt ýükläp almak mümkinçiligi hödürlenýär.
Şeýle hem okanyň


«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi
Bugün 09:12«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.
Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.
Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.