Oýun sanawy


Ýaponiýa ýabany aýylaryň sanyny azaltmak boýunça giň göwrümli maksatnamany tassyklady
06 Aprel. 11:51Ýaponiýanyň hökümeti ýabany aýylaryň ilatly nokatlara aralaşmagy we adamlara hüjüm etmegi bilen bagly ýüze çykýan howplaryň öňüni almak maksady bilen, 2030-njy ýyla çenli niýetlenen täze döwlet meýilnamasyny kabul etdi. Ýurduň dürli sebitlerinde aýylaryň sanyny düýpli azaltmagy göz öňünde tutýan bu resminama barada ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri habar berýärler. Strategiýanyň esasy maksady — adam ömrine we emlägine ýetirilýän zyýany minimuma düşürmekden ybaratdyr.
Tassyklanan meýilnama laýyklykda, ýurduň her sebiti üçin aýy tutmagyň anyk san görkezijileri bellenildi. Hususan-da, Tohoku sebitinde 3 800, Týubuda 3 500 we Kanto sebitinde 600 sany aýyny tutmak meýilleşdirilýär. Iň uly çäreler Hokkaýdo adasynda amala aşyrylyp, ol ýerde on ýylyň dowamynda 12 500-den gowrak aýynyň sanyny azaltmak göz öňünde tutulýar. Bu çäreler aýylaryň adamlara hüjüm etme howpy ýokary bolan ýerlerinde has-da güýçlendiriler.
Häkimiýetler howply sebitlerde aýylaryň populýasiýasyny 2030-njy ýyla çenli 65%-e çenli azaltmagy maksat edinýärler. Şol bir wagtyň özünde, ýagdaýyň durnukly bolan ýerlerinde diňe olaryň sanynyň köpelmezligi gözegçilikde saklanar. Maksatnamany durmuşa geçirmek üçin ýörite hünärmenleriň sany 2 500 adama ýetiriler we olar döwrebap tehniki serişdeler, şol sanda 10 müň sany ýörite duzak we 20 müň sany gorkuzyjy aerozol serişdeleri bilen üpjün ediler.
Bu çözgüt Ýaponiýada soňky ýyllarda aýylaryň ilatly nokatlara ýygy-ýygydan gelmegi we adamlaryň saglygyna zeper ýetirmegi bilen bagly dörän ýiti zerurlykdan gelip çykdy. Tebigaty gorajy we hünärmenler bu çäreleriň ekologik deňagramlylygy saklamak bilen bir hatarda, raýatlaryň howpsuzlygyny üpjün etjekdigine ynanýarlar. Meýilnama ylmy taýdan esaslandyrylan bolup, ol ýabany tebigat bilen ynsan durmuşynyň arasyndaky araçägi saklamaga gönükdirilendir.
Şeýle hem okanyň


«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi
Bugün 09:12«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.
Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.
Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.