Oýun sanawy

01 Awgust. 05:34

Jeýms Kemeron “Awatar” älemi boýunça multserial döretmekçidigini aýtdy

Režissýor Jeýms Kemeron Empire bilen söhbetdeşlikde “Awatar” älemi boýunça animasion taslama döretmekçidigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, ol eýýäm bu pikiri Disney-iň ýolbaşçylygy bilen maslahatlaşdy.

“Men animasion serial-antologiýa döretmek isleýändigimi aýtdym” – diýip, Kemeron gürrüň berdi. Ol formatyň “Animatrisa” golaý boljakdygyny düşündirdi. Bolup biljek sýužetleriň arasynda adamlaryň Pandora ilkinji gonuşy, gahrymanlaryň geçmişi we esasy filme girmedik wakalar göz öňünde tutulýar.

Taslamanyň tamamlanjak möhletini aýtmakdan heniz ir.

“Biz entek az iş etdik. Biz wakalarymyzy ýygnamagy dowam etdirýäris. Munuň bilen meşgullanmak isleýän tejribeli kinematografçylary, animatorlary tapmak gerek” – diýip, režissýor belledi.

Ýakynda “Awatar: Ot we kül” filminiň treýleri peýda boldy. Onda Jeýk Salliniň maşgalasy bilen Metkaýina urugy Warang we onuň otly esgerleri bilen söweşmek üçin birleşýär. Franşizanyň üçünji bölüminde Kül obasy – ýerleri wulkan tarapyndan ýok edilen Mangkwan urugynyň mekany görkeziler. Filmiň premýerasy 19-njy dekabra meýilleşdirilýär.

Iň köp görülen

Bugün 07:04

Balkan welaýatynda suw arassalaýjy desgasy açyldy

Çeşme

Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynynda täze suw arassalaýjy desgasy we suw arassalaýjy enjam dabaraly ýagdaýda açyldy.. Desganyň taslama kuwwaty günde 20 müň kub metr içgi suwy, «Bitarap Türkmenistan» gazetiniň habarynda aýdylýar.

Desga Balkan welaýat häkimliginiň kapital gurluşyk müdirliginiň sargydy boýunça «Hossarlyk» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleriniň güýji bilen guruldy. Desganyň ulanylmaga berilmegi Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygyna gabat geldi.

Açylyş dabarasyna welaýat we etrap häkimlikleriniň jogapkär işgärleri, Türkmenistanyň hormatly ak sakallary we «Balkanwelaýatagyzsuw» birleşiginiň wekilleri gatnaşdylar.

Dabara çäginde gatnaşyjylar üçin medeniýet we sungat işgärleri konsert we tans programmasy bilen çykyş etdiler.