Oýun sanawy


Geçirilen barlaglar Ýerde süýji suwuň alada goýýan tizlik bilen azalyp barýandygyny görkezýär
02 Awgust. 06:09Science Advances žurnalynda çap edilen global barlagyň netijesine görä, Ýeriň yklymlarynda süýji suw çalt depginde tükelip barýar.
Arizona ştatynyň uniwersitetiniň (ASU) alymlary 2002-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli GRACE we GRACE-FO hemralaryndan alnan maglumatlary seljerip, meseläniň iň ýiti bolan dört yklym sebitinde aşa gurakçylygyň höküm sürýändigini kesgitlediler:
Howanyň üýtgemegi, ýerasty suwlaryň aşa köp ulanylmagy we aşa guraklyk gurakçylygyň ýokarlanmagynyň sebäbi hökmünde görkezildi. Barlagçylar süýji suwuny ýitiren ýerleriň her ýyl iki Kaliforniýanyň meýdanyna barabar derejede artýandygyny bellediler.
Awtorlar dünýäniň ilatynyň 75% -iniň 2002-nji ýyldan bäri süýji suw gorlarynyň azalýan 101 ýurdunda ýaşaýandygyny aýdýarlar. Suw ýitgisiniň 68% -i ýerasty suwlara degişli, olaryň deňiz derejesiniň ýokarlanmagyna goşýan goşandy Grenlandiýadaky we Antarktidadaky ereýän buzluklardan has uly bolup çykdy.
Gözlegleriň esasy ýazyjysy Hrişikeş A. Çandanpurkar: "Dikeldip bolmaýan suwuň, gör, näçe mukdarynyň ýitirilýändigi bizi haýran galdyrýar. Buzluklar we çuň ýerasty suwlar gadymdan gelýän ätiýaçlyklar ahyry. Olary diňe zerur bolnan halatynda, mysal üçin, dowamly guraklyk döwründe ulanmagyň deregine, biz ony bolaýmaly zat ýaly kabul edýäris. Üstesine, ygally ýyllarda ýerasty suwlaryň üstüni doljagam bolamzok.
Şeýle hem okanyň


Bangladeşde gyzamyk we denge keselleriniň ýaýramagy sebäpli saglygy goraýyş ulgamy kynçylyklara duş gelýär
10 Sen. 09:46Bangladeşde ýurduň taryhynda iň uly gyzamyk epidemiýasy hasaba alnyp, keselhanalaryň näsaglardan dolmagy netijesinde saglygy goraýyş ulgamy agyr kynçylyklary başdan geçirýär. ABŞ-nyň Kesellere gözegçilik we öňüni alyş merkezleriniň hamana Bangladeşiň Saglygy goraýyş ministrliginiň maglumatlaryna salgylanyp «Reuters» gullugynyň habar berşi ýaly, 2026-njy ýylyň mart aýyndan bäri bu kesel sebäpli 999 ölüm hadysasy we 166 müňden gowrak şübheli näsag ýüze çykaryldy. Kesellänleriň agramly bölegini bäş ýaşa çenli çagalar düzýär.
Ýurtdaky saglygy goraýyş ýagdaýyny denge gyzzyrmasynyň hem birden ýaýramagy has-da kynlaşdyrýar. Ýylyň başyndan bäri denge keseli sebäpli 45 müňden gowrak adam hassahana ýerleşdirilip, bir günüň dowamynda keselhana düşýänleriň sany iň ýokary görkezijä ýetdi. Şunlukda, keselhanalarda orunlaryň, dermanlaryň hem-de çagalar üçin niýetlenen fiziologik erginleriň ýetmezçiligi ý кур çykdy.
Epidemiýanyň şeýle giň gerim almagyna 2024-2025-nji ýyllarda syýasy çökgünlik sebäpli meýilnamalaýyn sanjym işleriniň bökdelemegi hem-de wagtlaýyn hökümetiň milli sanjym kampaniýalaryny ýatyrlyp, derman satyn alyş ulgamyny üýtgetmegi sebäp boldy.