Oýun sanawy


Ähli zat Bangkokda çözüler: Türkmenistan we Tailand Aziýa Kubogy üçin aýgytlaýjy duşuşyga taýýarlanýar
30 Mart. 08:05Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Aziýa Kubogy — 2027-niň saýlama tapgyrynyň iň möhüm oýunlarynyň birine — Tailand bilen boljak duşuşyga bar güýji bilen taýýarlyk görýär. "D" toparçasynda barýan gyzgalaňly bäsleşikde iki garşydaş hem bäş tapgyrdan soň 12 utuk toplap, deň derejede barýarlar. Emma toparçadaky birinji orny häzirki wagtda Türkmenistanyň ýygyndysy eýeleýär. Bu artykmaçlyk Aşgabatda geçirilen ilkinji oýunda gazanylan 3:1 hasabyndaky ynamly ýeňiş bilen baglydyr.
Ertir, ýagny 31-nji martda Bangkogyň meşhur «Rajamangala» stadionynda geçiriljek oýun toparçanyň hakyky "finalyna" öwrüler. Saud Arabystanynda 2026-njy ýyldan soň, ýagny 2027-nji ýylda geçiriljek Aziýa Kubogyna gönüden-göni ýollama almak üçin Tailanda hökman ýeňiş gerek. Türkmenistanyň ýygyndysy üçin bolsa Bangkokdan hatda deňme-deň netije bilen gaýtmak hem birinji orny saklap galmaga we yklym ýaryşyna gatnaşmaga hukuk berýär. Utuklar deň bolan ýagdaýynda, özara duşuşyklaryň netijesi esasy görkeziji bolup hyzmat edýär.
Toparçanyň beýleki gatnaşyjylary bolan Şri-Lanka (6 utuk) we Hytaý Taýbeýi (0 utuk) eýýäm esasy bäsleşikden çykdylar. Olaryň netijeleri indi turnir tablisasynyň ýokarky bölegine täsir edip bilmeýär. Şonuň üçin hem tutuş futbol jemgyýetçiliginiň ünsi indi diňe iki lideriň — Türkmenistan bilen Tailandyň arasyndaky duşuşyga gönükdirilendir. Ýerli janköýerleriň goldawy Tailand üçin uly itergi bolsa, türkmen futbolçylarynyň Aşgabatdaky artykmaçlygy olara ruhy taýdan ynam berýär.
Bu taryhy duşuşyk Aşgabat wagty bilen sagat 16:30-da başlanar. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ýolbaşçy düzümi we futbolçylary ýurduň futbol taryhynda täze sahypa açmak hem-de Aziýanyň iň güýçli yklym ýaryşyna gatnaşmak üçin meýdança çykarlar. Futbol janköýerleri bu aýgytlaýjy oýna uly sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar.
Şeýle hem okanyň


UFC 336 ýaryşynda Karlos Prates bilen Maýkl Moralesiň arasyndaky söweş Islam Mahaçewiň indiki garşydaşyny kesgitlär
26 Okt. 11:00UFC guramasynyň ýarym orta agram derejesindäki çempiony Islam Mahaçewiň indiki garşydaşy 2027-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Torontoda geçiriljek «UFC 336» turnirinde belli bolar. Reýtingde ikinji we üçünji orunlary eýeleýän braziliýaly Karlos Prates bilen ekwadorly Maýkl Moralesiň arasyndaky duşuşykda diňe bir çempionlyk söweşine çykmak hukugy däl, eýsem ýarym orta agram derejesindäki wagtlaýyn çempionlyk guşagy hem orta goýlar. Mahaçewiň ozaokky söweşi awgust aýynda bolup geçipdi we ol irlandiýaly Ian Gerri ýeňip, ozal ýeňil agramda eýelän üstünliklerinden soň täze agramda hem öz titulyny goramagy başarypdy.
UFC-niň ýolbaşçysy Dana Waýtyň bellemegine görä, gurama Mahaçewiň söweşini 2027-nji ýylyň ýanwarynda geçirmegi meýilleşdiripdi, emma russiýaly çempion 8-nji fewraldan 8-nji marta çenli dowam etjek Remezan aýy tamamlanýança oktagona çykmakdan ýüz öwrdi. Çempionyň çykyşlarynda arakesme boljakdygy sebäpli, gurama Prates bilen Moralesiň duşuşygyny wagtlaýyn çempionlyk söweşi derejesine göterdi. Söweşijileriň ikisi hem ýokary netijeleri görkezýärler: Prates yzly-yzyna üç gezek Jeff Nil, Leon Eduards we Jek Della Maddalena ýaly garşydaşlaryny nokauta giden bolsa, Maýkl Morales UFC-de 7 duşuşykda ýeňilmän кеlýär.
Şeýle hem Torontoda geçiriljek «UFC 336» turniriniň çäklerinde guramanyň iň ýeňil agram derejesindäki häzirki çempiony Joşua Wan öz çempionlyk guşagyny goramak üçin oktagona dolanar. Mýanmaly söweşiji çempionlyk ugrundaky duşuşykda Angolada doglan we Portugaliýa wekilçilik edýän Manel Kape bilen güýç synanyşar. Bu giň göwrümli söweş agşamy halkara sport janköyerleriniň uly sabyrsyzlygy bilen garaşýan bäsleşikleriniň birine öwrer.