Oýun sanawy

Finlýandiýanyň buzly meýdançadaky dabaraly ýeňşi

01 Iýun. 10:20

Çeşme

Finlýandiýanyň hokkeý boýunça milli ýygyndy topary halkara giňişliginde nobatdaky gezek özüniň güýçli taraplaryny görkezip, dünýäniň çempiony diýen tituly bäşinji gezek eýelemegi başardy. «Swiss Life Arena» sport toplumynyň buzly meýdançasynda guralan aýgytly final duşuşygynda ýurduň esasy topary Sweýsariýanyň ýygyndysy bilen duşuşdy. Ýokary bäsdeşlik şertlerinde geçen oýun 1:0 hasabynda fin türgenleriniň peýdasyna tamamlandy.

Bäsleşigiň esasy wagtynda taraplaryň goranyşda we derwezeçileriň bäsleşiginde görkezen berk erki netijesinde hasap açylman galdy. Şol sebäpli ýeňijini anyklamak maksady bilen goşmaça wagt bellenildi. Owertaýmyň dowamynda Konsta Heleniusyň garşydaşyň derwezesine takyk urgany ýeke-täk şaýbasy Finlýandiýanyň ýygyndysyna taryhy ýeňşi we altyn medaly getirdi.

Çempionatyň bürünç baýragyny gazanmak ugrundaky oýun hem sport muşdaklary üçin garaşylmadyk pursatlara baý boldy. Üçünji orun ugrundaky tutluşykda Norwegiýanyň milli ýygyndysy Kanadanyň güýçli toparyndan üstün çykdy. Bu duşuşykda hem ýeňiji goşmaça wagtda kesgitlenip, norwegiýaly hokkeýçiler kanadalylary 3:2 hasabynda utmagy başardylar we hormat pilliwosyna galyşdylar.

Şu gezekki gazanylan üstünlik fin hokkeýiniň taryhynda täze sahypany açdy, sebäbi topar mundan öň 1995-nji, 2011-nji, 2019-njy we 2022-nji ýyllarda dünýäniň iň güýçlisi bolmagy başarypdy. Soňky ýyllarda çärýek final bäsleşiklerinden aňry geçip bilmedik ýygyndy topar üçin bu netije täzeden dikelmekligiň we halkara sport reýtinglerinde öňki abraýyny durnuklaşdyrmagyň aýdyň subutnamasydyr.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Lionel Messi sporty ösdürmäge goşan goşandy üçin abraýly Asturiýa şa gyzynyň baýragyna mynasyp boldy

24 Okt. 10:17

Çeşme

«Altyn top» baýragynyň sekiz gezek eýesi, meşhur argentinaly futbolçy Lionel Messi dünýä sportuny ösdürmäge goşan göz-görtele goşandy üçin Ispaniýanyň halkara derejesindäki abraýly Asturiýa şa gyzynyň baýragy bilen sylaglandy. Baýragy gowşurmak dabarasy Ispaniýanyň Owýedo şäherindäki taryhy «Kampoamor» teatrynda uly danyşyklylyk bilen geçirildi. Bu barada sylaglaýjy gaznanyň resmi internet saýtynda habar berilýär.

Asturiýa şa gyzynyň halkara baýragy 1980-nji ýyldan bäri dünýä boýunça dürli ugurlarda, şol sanda sportda uly üstünlik gazanan görnükli şahsyýetlere gowşurylyp gelinýär. Sport kategoriýasy boýunça bu derejeli baýraga ozal meşhur tennisçi Serena Wilýams, ispan futbolçylary Iker Kasilýas we Hawi, şeýle hem Braziliýanyň hem-da Ispaniýanyň milli ýygyndylary mynasyp bolupdylar.

Häzirki wagtda 39 ýaşly Messi Amerikan Ligasynda (MLS) «Inter Maýami» klubynyň düzüminde çykyş edýär. Öz oýunçylyk karýerasynda «Barselona» we «Pari Sen-Žermen» ýaly öňdebaryjy klublarda oýnan Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany 2022-nji ýylda Dünýä çempiony boldy ham-da karýerasynda jemi 48 sany resmi kubok we kubok titullaryny utup, futbol taryhynda iň köp titully oýunçy hökmünde öz adyny altyn harplar bilen ýazdyrdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌