Oýun sanawy


«iPhone 18 Pro» suratlaryň hakykylygyny tassyklaýan täze ulgam bilen üpjün edildi
17 Sen. 07:17«Apple» kompaniýasy «iPhone 18 Pro» we «iPhone 18 Pro Max» smartfonlary üçin «Apple Reference Image» diýlip atlandyrylýan döwrebap tehnologiýany hödürledi. Täze ulgam suratyň başda emeli aň arkaly döredilmän, eýsem enjamyň hakyky kamerasy arkaly düşürilendigini hem-de soňy bilen redaktirlenmändigini kepillendirmäge mümkinçilik berýär. Bu baradaky giňişleýin maglumatlar «Turkmen Expo» kompaniýasynyň habar gullugynyň üsti bilen tanyşdyryldy.
Kompaniýa bu innowasion çözgüdi generatiw emeli aň eýýamynyň sanly negatiwi diýip atlandyrýar. Ýörite rejim işjeňleşdirilen wagtynda, kamera sensory suraty düşüren badyna piksel maglumatlaryny kriptografik gol arkaly tassyklaýar. Şunlukda, suratyň ilki başky sensor maglumatlaryny we kriptografik wagt belliklerini öz içine alýan ygtybarly nusgasy döredilip, enjamyň ýatda saklaýjysynda saklanýar.
Barlag işlerini geçirmek üçin goragly maglumatlar göni «Private Cloud Compute» bulut hasaplaýyş ulgamyna geçirilýär we şol ýerde gaýtadan dikeldilýär. Kompaniýanyň hünärmenleriniň bellemegine görä, bu ulgam maglumatlaryň galplaşdyrylmagyndan, operasion ulgamyň döwülmeginden hem-de kiberhüjümlerden doly goraglydyr. Ulgam her bir surat üçin ynam derejesini awtomatiki usulda hasaplaýar.
Eger-de suratda kandyr bir üýtgetmeler ýa-da galplyklar ýüze çykarylan ýagdaýynda, «Apple» şol konkrret surata bolan ynam derejesini yza alyp bilýär.
Mundan başga-da, bu ulgam kiberhowpsuzlyk hem-de gizlinlik kadalaryna doly wepaly bolup galýar. Ol suratçynyň şahsy maglumatlaryny köpçülige açmaýar we bir sensor arkaly düşürilen dürli suratlary özara baglanyşdyrmaga hem ýol bermeýär.
Şeýle hem okanyň


Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy
26 Okt. 07:21Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.
Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.