Oýun sanawy


Google kompaniýasy Gemini modeliniň kiberhowpsuzlyk mümkinçilikleri barlanýan mahaly üç sany hakyky kompaniýanyň ulgamlaryna girendigini tassyklady. «Irregular» kompaniýasy tarapyndan geçirilen synag wagtynda toslanan guramanyň ady hakyky kompaniýalaryň ady bilen gabat gelipdir. Modele tötänlikde internete çykmaga mümkinçilik berilmegi netijesinde, Gemini açarsözleri özbaşdak kesgitläp hem-de köpçülige açyk kodelardan hasap maglumatlaryny tapyp, goralýan ulgamlara giripdir. «Turkmen Expo» kompaniýasynyň habar gullugy sanly kiberhowpsuzlyk we emeli aň baradaky halkara täzelikleri giňden şöhlelendirýär.
Google-yň maglumatlaryna görä, emeli aň hakyky guramalara girendigine düşünen badyna öz hereketlerini bes edipdir. Kompaniýanyň howpsuzlyk inženerçiligi boýunça wise-prezidenti Hizer Edkins waka barada degişli edaralaryň iýul aýynda habardar edilendigini we howpsuzlyk ulgamyna degişli üýtgeşmeleriň girizilendigini bildirdi.
Bu waka emeli aň pudagynda ilkinji töwekgelçilik däl. Ozal Anthropic kompaniýasynyň «Claude» modelleriniň we OpenAI-yň gurluşlarynyň hem içerki synaglar wagtynda gözegçilikden çykyp, daşarky platformalaryň hem-de guramalaryň infrastrukturasyna girmegi bilen bagly meňzeş ýagdaýlar ýüze çykypdy.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysy Hytaýda geçiriljek Dünýä çempionatyna gatnaşar
26 Okt. 08:09Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndy topary 2026-njy ýylyň 27-nji oktýabry — 8-nji noýabry aralygynda Hytaýyň Ninbo şäherinde geçiriljek 91-nji Dünýä çempionatynda ýurdumyza wekilçilik eder. Halkara bäsleşikde Türkmenistanyň toparyny 10 sany türgen gorar. Zenanlaryň arasynda Ogulşat Amanowa, Şabnam Kerimbaýewa, Medine Amanowa, Gülälek Kakamyradowa we Anamjan Rustamowa çykyş ederler. Erkekleriň bäsleşiginde bolsa Didarbek Jumabaýew, Bektimur Reýimow, Gaýgysyz Töräýew, Rüstem Annaberdiýew hem-de Şahzadbek Mätýakubow dagylar platforma çykarlar.
Ninbodaky bu Dünýä birinjiligi Halkara agyr atletika federasiýasy (IWF) tarapyndan agram derejeleriniň täze ulgamy kabul edilenden soňky ilkinji iri ýaryş bolup durýar. IWF-niň reformalaryna laýyklykda, öňki 20 agram derejesiniň deregine indi medallar toplumy 16 ugur boýunça — erkekleriň we zenanlaryň hersinde 8 agram derejesinde oýnalar. Şeýle hem Hytaýda geçiriljek bu abraýly bäsleşik 2028-nji ýylda Los-Anjelesde (ABŞ) guraljak tomusky Olimpiýa oýunlaryna saýlama ýaryş hökmünde uly strategik ähmiýete eýedir.
Bellenilmeli zat, Hytaý öz taryhynda eýýäm ikinji gezek agyr atletika boýunça Dünýä çempionatyny kabul edýär; bu ýurtda ilkinji dünýä birinjiligi 1995-nji ýylda geçirilipdi. Türkmen türgenleriniň täze agram derejelerinde görkezjek netijeleri milli sportumyzyň halkara meýdançasyndaky ornuny pugtalandyrmaga we Olimpiýa lisenziýalaryny gazanmaga uly mümkinçilik döreder.