Oýun sanawy


Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Türkmenistan – Hytaý Halk Respublikasy: gaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygyň 20 ýyly» atly halkara ylmy-amaly maslahat öz işine başlady. Bu forum iki döwletiň arasyndaky energetika gatnaşyklarynyň täze tapgyryna badalga berýän ähmiýetli waka boldy. Maslahata gatnaşýan ýokary derejeli wekiller we pudaklaýyn hünärmenler geçen iki onýyllygyň netijelerini ara alyp maslahatlaşýarlar we geljekki bilelikdäki taslamalaryň ugurlaryny kesgitleýärler.
Maslahatyň plenar mejlisinde strategik maýa goýumlar we gaz senagatyny döwrebaplaşdyrmak meseleleri ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlenildi. Çärede Türkmenistanyň Hökümetiniň ýolbaşçylary, HHR-niň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary, şeýle hem «Türkmengaz» döwlet konserniniň we Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) ýokary wezipeli hünärmenleri çykyş etdiler. Gepleşikler taraplaryň özara bähbitli energetika bazaryny ösdürmäge ygrarlydygyny ýene bir gezek tassyklady.
Çäräniň maksatnamasy iki sany esasy sessiýadan ybarat bolup, olaryň birinjisi Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge we iri gaz taslamalaryna gönükdirildi. Ikinji sessiýada bolsa ylym-bilim hyzmatdaşlygy we ýokary derejeli inžener-tehniki hünärmenleri taýýarlamak meselelerine seredildi. Mundan başga-da, maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň gazananlaryny görkezýän ýöriteleşdirilen sergi bilen tanyş boldular.
Bu halkara maslahatyň çäklerinde «Galkynyş» känini özleşdirmegiň dördünji tapgyry boýunça möhüm şertnama gol çekilmegine garaşylýar. «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «CNPC Amudarya Petroleum Company Ltd» kompaniýasynyň arasyndaky bu täze ylalaşyk hyzmatdaşlygyň gerimini has-da giňeltmäge şert döreder. Şeýle ägirt uly taslamalaryň durmuşa geçirilmegi sebitde energetika durnuklylygyny üpjün etmekde we iki ýurduň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda strategik ähmiýete eýedir.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň ylmy wekiliýeti Baku şäherinde geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar
10 Sen. 10:48Türkmen wekiliýeti Birinji türkologiýa sýezdiniň 100 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp Azerbaýjanda geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar. Bu abraýly bilim forumy 9-njy sentýabrda öz işine başlady diýip «AZERTAJ» agentligi habar berýär.
Bu çäre Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasy we Folklor instituty tarapyndan guramaçylykly geçirilib, oňa TİKA hem-de TÜRKSOÝ ýaly halkara guramalar goldaw berýär. Maslahata Türkmenistan bilen bir hatarda Türkiýeden, Gazagystandan, Ýaponiýadan, Germaniýadan we beýleki onlarça ýurtdan wekiller gatnaşýarlar.
Halkara çäräniň gidişinde Ýewraziýa sebitiniň taryhy we medeni ösüşinde möhüm orun eýeleýän Altaý halklarynyň siwilizasiýa mirasy, taryhy hem-de medeniýeti barada giňişleýin pikir alşylýar.
Dört güne niýetlenen bu simpoziumyň çäklerinde dünýäniň 15 ýurdundan gelen alymlaryň we hünärmenleriň 121 sany ylmy hasabaty diňleniler.