Oýun sanawy


Hindi zenany 10 ýyllap saçyny kesmän Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi
10 Awgust. 17:56Hindistanyň Uttarakhand ştatynyň Haldwani şäheriniň ýaşaýjysy Renu Dhariýal dünýä boýunça iň uzyn saçly zenan hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna adyny ýazdyrdy. «MIR 24» kanalynyň berýän maglumatlaryna görä, onuň taryhy rekord goýan saçlarynyň uzynlygy 271,50 santimetre ýetýär.
Aprel aýynda geçirilen resmi ölçeg çäresiniň netijesinde Renu bundan öňki rekordyň eýesi, 257,33 santimetrlik saçy bolan ukrainly Aliýa Nasyrowadan öňe geçmegi başardy.
Rekordçy zenan 2015-nji ýyldan bäri saçyna gaýçy degirmändigini aýdýar. Saç idegi barada ýörite blog alyp barýan Renuny milli hindi medeniýeti ruhlandyrdy — sebäbi bu ýerde uzyn saçlar gözelligiň hem-de däp-dessurlara wepalylygyň esasy simwoly hasaplanýar. Şeýle hem ol her gün saçyny ýuwmak we daramak üçin sagatlap wagt sarp edýändigini belleýär.
Şeýle hem okanyň


«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi
Bugün 09:12«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.
Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.
Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.