Oýun sanawy

Gonkongda çabgalar sebäpli howplulygyň gara derejesi yglan edildi

07 Awgust. 05:44

Gonkongda üznüksiz ýagýan çabgalar bilen baglylykda, howanyň iň ýokary – gara derejesi yglan edildi diýip, «MIR 24» teleýaýlymy habar berdi.

Eýýäm awgust üçin ygalyň soňky 140 ýyldaky iň ýokary derejesi hasaba alyndy. Suwa düşülýän ýerler ýapylydy. Mekdeplerde sapaklaryň ýerine çagalara tä ene-atalary gelip alýança, gözegçilik edýärler. Iş berijiler işgärleri zerurlyk bolmasa, işe çagyrmaýarlar.

















Russiýanyň paýtagtynda iň uzak ýaşly ýaşaýjylaryň ýaş görkezijileri aýan edildi

10 Sen. 08:16

Çeşme

Moskwa şäherinde häzirki wagtda iň uly ýaşly zenan ýaşaýjynyň 108 ýaşy, iň uly ýaşly erkek ýaşaýjynyň bolsa 105 ýaşy doldy. Bu barada şäheriň Zähmet we ilaty sosial taýdan goramak edarasyna salgylanmak bilen «Gazeta.ru» neşiri habar berýär.

Hünärmenleriň çaklamalaryna görä, Moskwada ortaça ömür dowamlylygy 2026-njy ýylda 80 ýaşdan gowrak bolar. Ýaşaýjylaryň ömür dowamlylygynyň mundan beýläk-de artmagy öňüni alyş lukmançylygynyň kämilleşmegi, emeli aň tilsimleriniň ornaşdyrylmagy hem-de şäher infrastrukturasynyň ösmegi bilen baglanyşdyrylýar.

Russiýa Federasiýasy boýunça ilatyň iň uzak ýaşaýan sebitleriniň sanawynda Inguşetiýa Respublikasy birinji orny eýeleýär. Şeýle hem ýokary görkezijili sebitleriň hataryna Dagystan, Moskwa şäheri, Kabardin-Balkar we Garaçaý-Çerkez respublikalary girdi.