Oýun sanawy

Türkmenistanyň Prezidenti elektroenergetika ulgamynyň durnuklylygyny üpjün etmek boýunça anyk wezipeleri kesgitledi

27 Iýun. 04:26

Çeşme

Hökümetiň sanly ulgam arkaly guralan nobatdaky maslahatynda ýurduň energetika pudagynyň kuwwatlylygyny has-da ýokarlandyrmak baradaky meselelere seredildi. Wise-premýer B. Annamämmedow degişli ministrligiň alyp barýan işleri, hususan-da, hereket edýän desgalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň dürli sebitlerinde ýerleşýän elektrik stansiýalarynda, ýylylyk merkezlerinde we transformator beketlerinde düýpli abatlaýyş hem-de täzelemek işleri utgaşykly dowam etdirilýär.

Bu amala aşyrylýan giň gerimli çäreler içerki sarp edijileri, şol sanda ilaty we önümçilik kärhanalaryny ýokary hilli gije-gündizleýin elektrik energiýasy bilen üpjün etmekde aýratyn orna eýedir. Pudagyň durnukly işlemegini gazanmak we energiýa geçiriji ulgamlaryň tygşytlylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, hökümet wekili tarapyndan döwlet Baştutanynyň garamagyna täze anyk teklipler hödürlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty jemlemek bilen, ýurduň energetika garaşsyzlygyny berkitmegiň we bu ugurdaky düzüm birliklerini yzygiderli kämilleşdirmegiň döwlet syasasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Ýolbaşçy hödürlenen taslamalary we meýilnamalary makullap, wise-premýere pudagyň kuwwatyny doly güýjünde ulanmak we elektrik bökdençlikleriniň öňüni almak barada anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz elektrik geçiriji ulgamlaryň we stansiýalaryň bökdençsiz işlemeginiň üznüksiz üpjünçiligiň özeni bolup durýandygyny aýratyn nygtady. Şunlukda, degişli edaralara tehnikalaryň we enjamlaryň bellenen kadalara laýyklykda bökdençsiz işledilmegine, täze tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagyna hem-de sarp edijileriň islegleriniň doly kanagatlandyrylmagyna yzygiderli gözegçilik etmek tabşyryldy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy

26 Okt. 10:04

Çeşme

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.

Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.

Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌