Oýun sanawy

Germaniýa süýji içgilere ýörite töleg girizmegi meýilleşdirýär

04 Maý. 13:51

Çeşme

Germaniýanyň hökümeti ilatyň saglygyny goramak we sagdyn iýmitlenmegi höweslendirmek maksady bilen, 2028-nji ýyldan başlap düzüminde şeker bolan içgilere täze salgyt girizmek baradaky özgertmäni tassyklady. Bu başlangyç döwlet derejesinde semizlige garşy alnyp barylýan göreşiň möhüm bölegi bolup, saglygy goraýyş ulgamyna düşýän aşa agramy azaltmaga gönükdirilendir. Şeýle çäreleriň netijesinde raýatlaryň şekerli önümleri sarp edişiniň peselmegine we iýmitleniş medeniýetiniň kämilleşmegine garaşylýar.

Täze salgyt ulgamyndan gelip gowşajak girdejileriň möçberi ýylda takmynan 450 million ýewro deň bolar diýlip çaglanýar. Bellenilmeli esasy aýratynlyk, bu maliýe serişdeleri umumy döwlet býujetine däl-de, gönüden-göni hökmany lukmançylyk ätiýaçlandyryş gaznasyna gönükdiriler. Toplanan serişdeler dürli keselleriň öňüni alyş maksatnamalaryny, iş ýerlerinde sagdyn durmuş ýörelgelerini goldamak baradaky taslamalary we jemgyýetçilik saglygyny berkitmäge degişli beýleki çäreleri maliýeleşdirmek üçin sarp ediler.

Jemgyýetçilik pikirini öwrenýän edaralaryň geçiren barlaglary Germaniýanyň ilatynyň agramly böleginiň bu karary goldaýandygyny görkezýär. Maglumatlara görä, nemes raýatlarynyň 60 göterime golaýy süýji içgilere salgyt girizilmeginiň dogry ädimdigine ynanýarlar. Halkyň goldawy, bu meýilnamanyň diňe bir ykdysady däl, eýsem sosial taýdan hem möhüm ähmiýete eýedigini subut edýär.

Häzirki wagtda dünýäniň 100-den gowrak ýurdy, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň köp sanly döwletleri şeýle tejribäni iş ýüzünde ulanýarlar. Halkara tejribesi, hususan-da Beýik Britaniýanyň we Meksikanyň mysallary, şeker salgydynyň süýji keseli ýaly dowamly keselleriň azalmagyna oňyn täsir edýändigini tassyklaýar. Germaniýa hem bu halkara standartlaryna goşulmak bilen, öz raýatlarynyň geljekki saglygyny kepillendirmegi maksat edinýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi

Bugün 09:12

Çeşme

«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.

Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.

Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌