Oýun sanawy

Gawi gurby pes adamlar üçin 150 sany jaý gurmaga 1,3 mln ýewro bagyşlaýar

22 Awgust. 18:57

Çeşme

«Barselona» futbol klubynyň we Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Gawi (Pablo Paes Gawira) öýi bolmadyk ýa-da gurby pes adamlar üçin guruljak 150 sany ýaşaýyş jaýyna 1,3 million ýewro töweregi pul serişdesini sarp eder. Bu haýyr-sahawat taslamasy futbolçynyň dogduk mekany bolan Sewilýa prowinsiýasynyň Los-Palasios-i-Wilýafranka şäherinde durmuşa geçiriler.

Ispan metbugatynyň habar bermegine görä, bu taslama öý edinmekde ýa-da kireýine almakda kynçylyk çekýän 300 töweregi adama niýetlenip, ekologiýa we durmuş taýdan amatly iki orunlyk jaýlardan ybarat bolar. Bu hakyky jemgyýetçilik haýyr-sahawat işi bolup, gurluşyk üçin ähli çykdajylary futbolçynyň özi öz üstüne alýar.

Häzirki wagtda gurluşygyň takyk möhletleri we jaýlary paýlamagyň şertleri barada giňişleýin maglumatlar gysga wagtyň dowamynda aýdyňlaşdyrylar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

UFC 336 ýaryşynda Karlos Prates bilen Maýkl Moralesiň arasyndaky söweş Islam Mahaçewiň indiki garşydaşyny kesgitlär

26 Okt. 11:00

Çeşme

UFC guramasynyň ýarym orta agram derejesindäki çempiony Islam Mahaçewiň indiki garşydaşy 2027-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Torontoda geçiriljek «UFC 336» turnirinde belli bolar. Reýtingde ikinji we üçünji orunlary eýeleýän braziliýaly Karlos Prates bilen ekwadorly Maýkl Moralesiň arasyndaky duşuşykda diňe bir çempionlyk söweşine çykmak hukugy däl, eýsem ýarym orta agram derejesindäki wagtlaýyn çempionlyk guşagy hem orta goýlar. Mahaçewiň ozaokky söweşi awgust aýynda bolup geçipdi we ol irlandiýaly Ian Gerri ýeňip, ozal ýeňil agramda eýelän üstünliklerinden soň täze agramda hem öz titulyny goramagy başarypdy.

UFC-niň ýolbaşçysy Dana Waýtyň bellemegine görä, gurama Mahaçewiň söweşini 2027-nji ýylyň ýanwarynda geçirmegi meýilleşdiripdi, emma russiýaly çempion 8-nji fewraldan 8-nji marta çenli dowam etjek Remezan aýy tamamlanýança oktagona çykmakdan ýüz öwrdi. Çempionyň çykyşlarynda arakesme boljakdygy sebäpli, gurama Prates bilen Moralesiň duşuşygyny wagtlaýyn çempionlyk söweşi derejesine göterdi. Söweşijileriň ikisi hem ýokary netijeleri görkezýärler: Prates yzly-yzyna üç gezek Jeff Nil, Leon Eduards we Jek Della Maddalena ýaly garşydaşlaryny nokauta giden bolsa, Maýkl Morales UFC-de 7 duşuşykda ýeňilmän кеlýär.

Şeýle hem Torontoda geçiriljek «UFC 336» turniriniň çäklerinde guramanyň iň ýeňil agram derejesindäki häzirki çempiony Joşua Wan öz çempionlyk guşagyny goramak üçin oktagona dolanar. Mýanmaly söweşiji çempionlyk ugrundaky duşuşykda Angolada doglan we Portugaliýa wekilçilik edýän Manel Kape bilen güýç synanyşar. Bu giň göwrümli söweş agşamy halkara sport janköyerleriniň uly sabyrsyzlygy bilen garaşýan bäsleşikleriniň birine öwrer.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌