Oýun sanawy


Lionel Messi «Inter Maýami» klubuna «Krus Asul» toparyny 2:0 hasaby bilen utmaga we ilkinji gezek Kampeones kubogyny gazanmaga kömek etdi. Bu titul argentinaly hüjümçi üçin professional karýerasynda 49-njy kubok bolup, ol toparlaýyn gazanylan titullaryň sany boýunça dünýä rekordyny täzeledi.
Birinji ýarymyň ortasynda Messi Luis Suaresiň geçiren topuny kellesi bilen urup, hasaby açdy. Bu gol onuň «Inter Maýami» toparyndaky 100-nji goly boldy. 81-nji minutda bolsa Leonyň pasy bilen Kazemiro ikinji goly geçirdi.
Messi «Barselona» bilen 35, «PSŽ» bilen 3, «Inter Maýami» bilen 4 we Argentinanyň milli ýygyndysy bilen 6 kubok gazandy. Häzirki wagtda çykyş edýän futbolçylaryň arasynda onuň iň ýakyn bäsdeşi 38 titul bilen «Al-Nasr» klubunyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldudyr.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysy Hytaýda geçiriljek Dünýä çempionatyna gatnaşar
26 Okt. 08:09Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndy topary 2026-njy ýylyň 27-nji oktýabry — 8-nji noýabry aralygynda Hytaýyň Ninbo şäherinde geçiriljek 91-nji Dünýä çempionatynda ýurdumyza wekilçilik eder. Halkara bäsleşikde Türkmenistanyň toparyny 10 sany türgen gorar. Zenanlaryň arasynda Ogulşat Amanowa, Şabnam Kerimbaýewa, Medine Amanowa, Gülälek Kakamyradowa we Anamjan Rustamowa çykyş ederler. Erkekleriň bäsleşiginde bolsa Didarbek Jumabaýew, Bektimur Reýimow, Gaýgysyz Töräýew, Rüstem Annaberdiýew hem-de Şahzadbek Mätýakubow dagylar platforma çykarlar.
Ninbodaky bu Dünýä birinjiligi Halkara agyr atletika federasiýasy (IWF) tarapyndan agram derejeleriniň täze ulgamy kabul edilenden soňky ilkinji iri ýaryş bolup durýar. IWF-niň reformalaryna laýyklykda, öňki 20 agram derejesiniň deregine indi medallar toplumy 16 ugur boýunça — erkekleriň we zenanlaryň hersinde 8 agram derejesinde oýnalar. Şeýle hem Hytaýda geçiriljek bu abraýly bäsleşik 2028-nji ýylda Los-Anjelesde (ABŞ) guraljak tomusky Olimpiýa oýunlaryna saýlama ýaryş hökmünde uly strategik ähmiýete eýedir.
Bellenilmeli zat, Hytaý öz taryhynda eýýäm ikinji gezek agyr atletika boýunça Dünýä çempionatyny kabul edýär; bu ýurtda ilkinji dünýä birinjiligi 1995-nji ýylda geçirilipdi. Türkmen türgenleriniň täze agram derejelerinde görkezjek netijeleri milli sportumyzyň halkara meýdançasyndaky ornuny pugtalandyrmaga we Olimpiýa lisenziýalaryny gazanmaga uly mümkinçilik döreder.