Oýun sanawy


Türkmenistanyň 16 dzýudoçysy Mongoliýada geçiriljek «Uly tuwalga» ýaryşyna gatnaşar
18 Iýun. 03:2019–21-nji iýun aralygynda Mongoliýanyň paýtagty Ulan-Batorda geçiriljek dzýudo boýunça «Uly tuwalga» (Grand Slam) halkara ýaryşynda Türkmenistanyň 16 türgeni çykyş eder. Bu barada Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi internet saýtynda habar berildi.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzümine ýygyndynyň esasy güýçleri hem-de 2024-nji ýylda Parižde geçirilen Olimpiýa oýunlaryna gatnaşan tanymal türgenler — Serdar Rahymow (66 kg çenli) we Maýsa Pardaýewa (57 kg çenli) dagylar hem girýär. Ulan-Bator şäherindäki bäsleşige dünýäniň 59 ýurdundan jemi 455 türgeniň gatnaşmagyna garaşylýar.
Türkmenistanyň erkekler ýygyndysyna Serdar Rahymowdan başga-da şu türgenler wekilçilik ederler: Mekan Remezanow we Ural Bagtyýarow (60 kg çenli), Meýlis Şamyradow we Ýolaman Amansähedow (73 kg çenli), Agajan Aýhanow we Batyr Merdanow (81 kg çenli), Ömürzak Halmüminow (90 kg çenli), Baýmyrat Majanow we Deňiz Karataýew (100 kg çenli).
Zenanlar ýygyndysynyň düzüminde bolsa şu pälwanlar meýdança çykarlar: Ejegyz Geldiýewa (48 kg çenli), Narjemal Ömirowa (52 kg çenli), Maýsa Pardaýewa we Medine Oraznyýazowa (57 kg çenli), Ýyldyz Myradowa hem-de Oguljan Ruslanowa (70 kg çenli).
Ulan-Batordaky bu uly ýaryş 2028-nji ýylda Los-Anjelesde (ABŞ) geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň täze möwsüminiň başlangyjy bolar. IJF World Tour reýtinginde utuklar türgenleriň gazanan sepgitlerine görä paýlanar: «Uly tuwalga» ýaryşynda altyn medal alan türgen 1000 utuk, ikinji orny eýelän 700 utuk, üçünji orna mynasyp bolan bolsa 500 utuk gazanyp biler. Düzgüne görä, her agram derejesinde dünýä reýtinginiň iň güýçli 18 türgeni göni Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga hukuk gazanýar (her ýurtdan diňe bir türgen). Galan ýollar bolsa sebit we yklym paýlarynyň (kwotalarynyň) esasynda bellenilýär.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysy Hytaýda geçiriljek Dünýä çempionatyna gatnaşar
26 Okt. 08:09Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndy topary 2026-njy ýylyň 27-nji oktýabry — 8-nji noýabry aralygynda Hytaýyň Ninbo şäherinde geçiriljek 91-nji Dünýä çempionatynda ýurdumyza wekilçilik eder. Halkara bäsleşikde Türkmenistanyň toparyny 10 sany türgen gorar. Zenanlaryň arasynda Ogulşat Amanowa, Şabnam Kerimbaýewa, Medine Amanowa, Gülälek Kakamyradowa we Anamjan Rustamowa çykyş ederler. Erkekleriň bäsleşiginde bolsa Didarbek Jumabaýew, Bektimur Reýimow, Gaýgysyz Töräýew, Rüstem Annaberdiýew hem-de Şahzadbek Mätýakubow dagylar platforma çykarlar.
Ninbodaky bu Dünýä birinjiligi Halkara agyr atletika federasiýasy (IWF) tarapyndan agram derejeleriniň täze ulgamy kabul edilenden soňky ilkinji iri ýaryş bolup durýar. IWF-niň reformalaryna laýyklykda, öňki 20 agram derejesiniň deregine indi medallar toplumy 16 ugur boýunça — erkekleriň we zenanlaryň hersinde 8 agram derejesinde oýnalar. Şeýle hem Hytaýda geçiriljek bu abraýly bäsleşik 2028-nji ýylda Los-Anjelesde (ABŞ) guraljak tomusky Olimpiýa oýunlaryna saýlama ýaryş hökmünde uly strategik ähmiýete eýedir.
Bellenilmeli zat, Hytaý öz taryhynda eýýäm ikinji gezek agyr atletika boýunça Dünýä çempionatyny kabul edýär; bu ýurtda ilkinji dünýä birinjiligi 1995-nji ýylda geçirilipdi. Türkmen türgenleriniň täze agram derejelerinde görkezjek netijeleri milli sportumyzyň halkara meýdançasyndaky ornuny pugtalandyrmaga we Olimpiýa lisenziýalaryny gazanmaga uly mümkinçilik döreder.