Oýun sanawy


Bilim we talyp ýaşlar güni mynasybetli Aşgabat şäheriniň dürli ýaşaýyş toplumlarynda dört sany täze çagalar bagy dabaraly ýagdaýda açyldy:
“Parahat-7” ýaşaýyş toplumynda — 160 orunlyk,
Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş toplumynda — 320 orunlyk,
Büzmeýin etrabynyň Senagat köçesinde — 320 orunlyk,
Bagtyýarlyk etrabynyň Ýasman-salyk ýaşaýyş toplumynda — 320 orunlyk.
TDH habar bermegine görä, bu çäre döwletiň ösüp gelýän ýaş nesle berýän üns-aladasynyň aýdyň beýanydyr.
Täze çagalar baglarynda çagalaryň sazlaşykly ösüşi üçin ähli şertler döredildi: dürli ýaşdaky toparlar üçin oýun we dynç alyş otaglary, okuw otaglary, döwrebap mebeller bilen enjamlaşdyrylan linogawe we kompýuter otaglary bilen üpjün edildi.
Şeýle hem okanyň


Öte gyzgyn çaý we kofe içmek gyzylödek düwnüginiň ýüze çykmak töwekgelçiligini ýokarlandyrýar
Bugün 09:10Oksford uniwersitetiniň alymlarynyň 14 ýylyň dowamynda 1 milliona golaý adamyň maglumatlaryny seljerip geçiren barlaglaryna görä, örän gyzgyn çaýy we kofäni yzygiderli içmek gyzylödek düwnüginiň döremek töwekgelçiligini üç esse ýokarlandyryp biler. Düwnük keselini öwrenmek boýunça halkara agentligi tarapyndan 65℃ we ondan hem ýokary bolan içgiler örän gyzgyn diýlip klassifikasiýa edilýär. Günde alty we ondan köp çüýşeli şeýle içgileri kabul etmek gyzylödegiň tekiz öýjükli karsinomasynyň ýüze çykmak ähtimallygyny ep-esli artdyrýar.
Barlagyň awtorlarynyň biri, iýmit epidemiologiýasy boýunça hünärmen Keren Papýe adamlaryň köplenç içgileri 50–60°C temperaturada içýändigini we içgini içmek oňaýsyzlyk döredýän bolsa, onuň biraz sowamagyna garaşmalydygyny maslahat berýär. Şeýle hem ol gyzgyn içgilerden başga-da çilim çekmegiň, alkogol kabul etmegiň we semizligiň gyzylödek düwnüginiň esasy töwekgelçilik faktorlary bolmagynda galýandygyny ýatlatdy.