Oýun sanawy

Madridiň «Realynyň» öňki goragçysy Dani Karwahal «Hetafä» geçdi

14 Okt. 10:25

Çeşme

Madridiň «Real» klubunyň öňki sag tarapky goragçysy Daniel Karwahal karýerasyny Ispaniýanyň La Ligasynyň beýleki bir wekili bolan «Hetafe» klubunda dowam etdirer. «Hetafe» futbol çuby 34 ýaşly tecribeli ispan futbolçysy bilen resmi taýdan şertnama baglaşylandygyny yglan etdi. Iki tarapyň arasynda baglaşylan täze zähmet ylalaşygy 2027-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli hereket eder.

Bu transfer resmileşdirilmänkä birnäçe çylşyrymly meseleler ýüze çykdy. La Liganyň ýolbaşçylygy futbolçynyň «Real Madridde» alýan ýyllyk 10 million ýewro töweregi zähmet hakynyň «Hetafede» 400 müň ýewro çenli çalt peselmegi sebäpli ilki başda bu transferi bökdedi. Liganyň maliýe düzgünlerine we gizlin tölegleriň öňüni almak baradaky çäklendirmelerine garamazdan, «Hetafe» futbol kluby liganyň Düzgünnamalar komiteti bilen meseläni oňyn çözmegi başardy.

Karwahal «Hetafe» toparyna erkin agent hökmünde mugt geçdi. Ol 2013-nji ýyldan bäri Madridiň «Real» klubynda çykyş edip, gaty uly üstünlikleri gazandy. Goragçy «Köröllük klubynyň» düzüminde jemi 26 sany uly kubok, şol sanda La Liganyň 4 çempionlyk titulyny we UEFA Çempionlar ligasynyň 6 kubogyny başy üstüne galdyrdy. Şeýle hem ol Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde Ýewro-2024-iň we Milletler ligasynyň ýeňijisi boldy.

Häzirki wagtda Ispaniýanyň çempionatynyň geçirilen sekiz tapgyryndan soň, «Hetafe» 8 utuk toplaýyp, ýaryş jedweliniň 14-nji ornunda barýar. Tejribeli goragçynyň topara goşulmagy «Hetafä» gorag zolagyny berkitmäge we turnir jedwelinde ýokary orunlara geçmäge uly ýardam eder.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Arsenalyň» wingeri Bukaýo Saka ynsanperwerlik işleri üçin abraýly Sokrates baýragyna mynasyp boldy

Bugün 05:10

Çeşme

Londonyň «Arsenal» klubunyň we Angliýanyň milli ýygyndysynyň wingeri Bukaýo Saka köp sanly ýurtlarda mätäç adamlara we çagalara beren ynsanperwerlik kömegi üçin abraýly Sokrates baýragy bilen sylaglandy. Bu halkara sylag futbolçy 26-njy oktýabrda Londonda geçirilen «Altyn top» gowşurylyş dabarasynda dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Saka kyn ýagdaýa düşen maşgalalara hem-de çagalara lukmançylyk kömegini berýän «Big Shoe» haýyr-sahawat guramasy bilen bütin dünýä boýunça ýakyn hyzmatdaşlyk amala aşyrýar.

Bilelikdäki haýyr-sahawat taslamalarynyň çäklerinde iňlis futbolçysy Nigeriýada we beýleki Afrika ýurtlarynda çagalar üçin gaýragoýulmasyz hirurgiki operasiýalary maliýeleşdirmäge giňden goldaw berdi. «France Football» neşiriniň maglumatlaryna görä, bu ynsanperwer amallaryň netijesinde 100-den gowrak çaga saglygyny dikeltmek üçin zerur bolan lukmançylyk kömegini aldy. Mundan başga-da, Saka Türkiýede we Marokkoda bolup geçen weýrançylykly ýertitremelerden ejir çeken maşgalalar üçin wagtlaýyn ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna uly möçberde serişde gönükdirdi.

Sokrates baýragy 2022-nji ýylda «France Football» žurnaly tarapyndan «Peace and Sport» guramasy hem-de meşhur braziliýaly futbolçy Sokratesiň maşgalasy bilen bilelikde döredildi. Bu baýrak futbol wekillerine meýdançadan daşary amala aşyran jemgyýetçilik we ynsanperwerlik taslamalary üçin gowşurulýar. Baýragyň taryhdaky ilkinji eýesi senegally hüjümçi Sadio Mane bolupdy, Sakanyň bu ýeňşi bolsa sportuň jemgyýetçilik jogapkärçiligini ýene bir gezek dünýä aýan etdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌